mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1544
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, gün tertibiniň esasy meselesiniň sanly ulgam bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleri üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredilip, onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web saýtlary döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Ikinji tapgyrda — 2020 — 2023-nji ýyllarda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlet hyzmatlar portaly döredildi. Bu portal elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny etmek üçin “Bir penjire” awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir. Häzirki wagtda portalda maglumat hyzmatlary, döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde ikinji tapgyrda “Elektron hökümet” ulgamyny doly işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyry 2024-2025-nji ýyllary öz içine alyp, bu tapgyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Konsepsiýada bellenen wezipeleriňdir çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Bu tapgyrda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeler esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak, bu ugurda işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bir bitewi Maglumat merkezini döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň «Aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aragatnaşyk ulgamyny goramagy dolandyrmak meselelerini çözmek babatda anyk tabşyryklary berip, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Soňra agentligiň ýolbaşçysy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler barada hasabat berip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerini derejelendirmek boýunça pudagara topary döretmek barada teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maglumatlary bermek ulgamyny hem-de aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi, göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan möhüm çäreleriň geçirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy aýratyn ähmiýetli wakalar boldy. Olaryň Aşgabatda üstünlikli geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň, ata Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy we olaryň biragyzdan kabul edilendigi bellenildi.

Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi onuň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Döwletimiziň adam gymmatlyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şunda türkmenistanlylaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, olaryň mynasyp şertlerde zähmet çekmegi, dynç almagy, saglygyna seretmegi üçin ähli amatly şertleri döretmek bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýerlerde işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak, raýatlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenmek hem-de degişli teklipleri taýýarlamak üçin welaýatlara iş saparlaryny guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şu maksat bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Türkmenbaşy şäherinde hem-de “Arçman” şypahanasynda iş saparlarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde işleri netijeli amala aşyrmak we degişli kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça möhüm wezipeler goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji maýda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu forumyň netijeleri biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant boldy. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara we sebit hyzmatdaşlygynyň täze, geljegi uly görnüşi döredildi. Mälim bolşy ýaly, ol “Aşgabat görnüşi” diýlip atlandyryldy. Bu teklip wekilçilikli duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan doly goldanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, ähli watandaşlarymyzy forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu forum Türkmenistanyň netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň we jogapkärli orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Gahryman Arkadagymyza ýokary sylaglaryň gowşurylmagy onuň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli, hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmakda ägirt uly goşandynyň ykrarnamasynyň nyşanyna öwrüldi.

Şol sylaglaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşi tarapyndan döredilen “Hormatly aksakgal” altyn ordeni hem-de “Dede Korkut” milli gaznasy tarapyndan “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen “Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin” milli baýragy we “Ulu türk” altyn ordeni bar. Parlamentarizmi ösdürmekde bitiren hyzmatlary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen hem sylaglanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy bu ýokary sylaglar bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we ata Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri talabalaýyk hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zerur enjamlary, programma üpjünçiliklerini, serwerleri satyn almak we ornaşdyrmak, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web saýtlaryny kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýady ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny üpjün etmek, maglumat düzümleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna yzygiderli seljermeler geçirilip, olary kämilleşdirmek babatda zerur işler alnyp barylýar.

Soňra wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde harytlary satyn almak boýunça bäsleşikleriň hem-de döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň sanly ulgamyny işe girizmek barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen taslamany makullady we bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer sanly ulgamyň ösüşini kämilleşdirmek, “Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 2019-njy ýyldan bäri şeýle hyzmatlar “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hyzmatlara müşderileriň uly isleg bildirýändigini we gazanylan tejribäni göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýuridik şahslar we hususy telekeçiler üçin “Internet bank” ulgamyny «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynda hem ulanyşa girizmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny giňeltmegiň ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere ýurdumyzyň banklarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk derejede geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Salgyt syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri görmek öňdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Salgyt kodeksine degişli ähli resminamalary, käbir nyrhlary we salgytlary täzelemegiň wajypdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda, kanunçylyk namalarynyň maddalaryny täzelemegiň, zerur bolan halatynda olara üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmegiň, bu ugurda gözegçiligiň sanly tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bir hepdäniň dowamynda bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Olaryň iş meýilnamalary tassyklanyldy. Zerur enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.

Içerki sarp edijilere ýerlenilýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde geçirmek, ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak, gaz känleri we gaz guýulary baradaky maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredildi we “Elektron ammar” programmasy gurnaldy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň merkezi diwanynda “Netije” atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web saýty gurnaldy, nebitiň derejesine monitoring arkaly gözegçilik etmek maksady bilen, ölçeýji enjamlaryň gurnama-sazlama işleri ýerine ýetirilýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda “GOLDAW” elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we internet web saýty döredildi. Ornaşdyrylan radioelektron enjamlary arkaly buhgalterçilik hasabatlary we beýleki işler sanly görnüşde amala aşyrylýar. Şeýle hem toplumyň dolandyryş binasy bilen önümhanalarynyň arasynda elektron maglumat dolanyşygy ýola goýlup, ammarlara kabul edilýän, saklanylýan we goýberilýän maddy gymmatlyklaryň hasabyny elektron resminama dolanyşygyna geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Diýarymyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek, milli ykdysadyýetde işleriň guralyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, Aşgabat şäher häkimliginde Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümleri açylyp, olaryň ählisiniň resmi web saýtlary döredildi. Olarda ýerine ýetirilýän işler, edilýän hyzmatlar, öndürilýän önümlerdir beýlekiler barada maglumatlar ýerleşdirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öndürýän önümlerini mahabatlandyrmak we olaryň elektron söwdasyny guramak boýunça taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzir Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ilata edilýän jemagat hyzmatlary sanly ulgama geçirildi, hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň gerimi giňeldildi we olar bir bitewi döwlet hyzmatlar ulgamyna birikdirildi. Bu işler geljekde-de netijeli dowam etdiriler.

Soňra wise-premýer öňümizdäki baýramçylyklara hem-de «Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary, medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp, «Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergi geçiriler. Şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirýär. Her ýyl geçirilýän halkara sergide ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň täze teklipleri we gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň hödürlenen meýilnamasyny makullady hem-de milli senenamamyzyň şanly seneleriniň örän wajypdygyny aýratyn nygtap, meýilleşdirilen dabaralaryň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde, döwrüň ruhuna laýyklykda, ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda toplumynyň düzümleýin edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy we hereket edýär. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky iri kärhanalarda zerur maglumatlary almak üçin türkmen, iňlis we rus dillerinde internet saýtlary döredildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrliginiň bölek söwda kärhanalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döredilen onlaýn söwda ulgamynyň hem-de ilata harytlary eltip bermek hyzmatynyň gerimi giňelýär. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň web saýtynyň üsti bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alyjylaryndan haly önümlerine sargytlary kabul etmek hyzmatlary ýola goýuldy. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýty arkaly gündelik birža söwdalarynda satylýan harytlar hem-de dünýä bazarlaryndaky harytlaryň bahalary barada maglumat beriş hyzmatlary hödürlenilýär. Birža söwdalary elektron söwda ulgamynyň üsti bilen interaktiw görnüşde geçirilýär, şertnamalary hasaba almak bolsa “Bir penjire” ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2021-nji ýylda we 2022-nji ýylyň dört aýynda sanly ulgam arkaly maslahatlaryň 54-si hem-de wirtual sergileriň 4-si geçirildi. Şeýle hem wise-premýer söwda toplumyna degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda tassyklanylan maksatnama laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça täze wezipe birlikleriniň girizilendigini, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işiniň dowam edýändigini habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Konsepsiýanyň birinji tapgyryna laýyklykda, toplumyň ähli edaralary kompýuter tehnikalary, serwerler, tor ulgamy, zerur programmalar bilen üpjün edildi hem-de internet ulgamyna birikdirildi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, ministrliklerde. pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda degişli bölümler açyldy, internet web saýtlary döredildi. Bu bölümler IT hünärmenler bilen üpjün edilip, olaryň hünärini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy. Şeýle hem döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek, onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçirildi.

Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny, elektron serişdeleri ulanmak bilen, okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerildi, degişli gözükdirijiler, düzgünnamalar taýýarlanyldy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim portallary döredilip, bilim-terbiýeçilik işlerine degişli maglumatlar, elektron gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalar, prezentasiýalar, ylmyň we tehnikanyň gazananlary baradaky maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär. Bilim ministrliginiň garamagyndaky Innowasiýa maglumat merkezinde dersler boýunça onlaýn bäsleşikleri, synaglary guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ylymlar akademiýasy we onuň ylmy-barlag institutlary hem-de Tehnologiýalar merkezi özara bitewi tor ulgamyna birikdirildi. Ylym ulgamynyň elektron maglumatlar toruny döretmek üçin türkmen halkynyň baý medeni mirasyna degişli milli golýazmalar, kitaplar, monografiýalar elektron görnüşe geçirilýär. Abraýly halkara guramalar, ylmy-barlag edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de dünýä tejribesiniň gazananlaryny ylym ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli guralýar.

Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary ýokary tizlikli maglumat toruna birikdirilip, telelukmançylyk ulgamyna degişli enjamlar gurnaldy. Sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalary döwrebap kompýuterler, tor ulgamy we telekommunikasiýa tehnikalary bilen üpjün edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek bilen baglylykda, ministrligiň alyp barýan işi barada hasabat berdi.

Parlament diplomatiýasyny ilerletmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Häzirki zaman dünýäsinde parlament diplomatiýasynyň orny has-da artdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu wekilçilikli duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Forumyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen, hyzmatdaşlygyň “Aşgabat görnüşi” diýlip atlandyrylan bu meýdança parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ony pugtalandyrmak we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin täsirli gural hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady. Şeýle hem “Aşgabat görnüşiniň” Türkmenistanyň paýtagtynda ştab-kwartirasy ýerleşjek Sekretariatyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmäge berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek hem-de 2019 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanyp, giň gerimli sanly özgertmeleri amala aşyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň düzüminde bu özgertmeleriň çäklerinde maksadalaýyk işler ýerine ýetirilýär. Bu ulgamda daşary syýasy işiň guramaçylyk meseleleri we esasy ugurlary kesgitlenildi, möhüm synag taslamalary taýýarlanyldy we olar durmuşa geçirilip başlandy.

Bu ugurda, ilkinji nobatda, türkmen diplomatiýasynyň sanly ulgamlar arkaly amala aşyrylmagyny has-da işjeňleşdirmek, döwrebap media tehnologiýalaryň üsti bilen döwletimiz baradaky maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmak wezipesi öňde goýuldy. Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüminde sanly diplomatiýa bölüminiň açylmagy bu wezipeleri çözmekde uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ählisinde resmi internet saýtlary döredildi. 2019-njy ýyldan başlap, daşary ýurtlar hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen bilelikde, maglumat tehnologiýalary ulgamynda milli hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini artdyrmaga, diplomatik gullugyň işgärleriniň ugurdaş bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň birnäçesi geçirildi. Häzirki wagtda bu işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Ýokarda agzalan Konsepsiýa laýyklykda, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda Daşary işler ministrliginde maglumat ulgamlaryna gözegçilik bölümi döredildi we ol elektron ulgamlar bilen talabalaýyk enjamlaşdyrylyp işläp başlady.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda internet we elektron maglumatlar ulgamynyň bir bitewi binýadynyň ýagny, «Bir penjiräniň» işe girizilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň internet saýtlarynyň hem bu ulgama birikdirilmegini ýola goýmak üçin degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bitewi Maglumat merkeziniň (Data center) işe girizilmegi bilen bir hatarda, DIM-niň içerki sanly ulgamynyň bu merkez bilen sazlaşykly ýagdaýda işlemegini ýola goýmak boýunça çäreler görüldi.

Daşary işler ministrliginiň raýatlarymyza edýän konsullyk hyzmatlarynyň sanly ulgamlar arkaly amala aşyrylmagy ýola goýuldy. DIM-niň Konsullyk gullugynda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda ýerine ýetirilýän işleriň elektron ulgamlara geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Daşary işler ministrliginiň web saýtynda “Halkara habarlar” atly internet gazeti onlaýn görnüşde neşir edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Türkmenistanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna gözegçilik edýän ýolbaşçy hökmünde alyp barýan işine nägilelik bildirip, oňa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekip, işi talabalaýyk derejede ýola goýmagy talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda esasy ugurlarda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýörite bölümler döredildi we olaryň iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Üç tapgyrda sanly telematik ulgama geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, “John Deere” kompaniýasyndan sanly telematik usul arkaly dolandyrylýan döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň birinji tapgyry satyn alyndy. Degişli Karara laýyklykda, bu tehnikalaryňdyr gurallaryň ikinji we üçünji tapgyrlaryny şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyza getirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra wise-premýer welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Galla oragy möwsüminde ýygnalan hasylyň ýurdumyz boýunça galla kabul ediş bölümleriniň jemi 154-sinde doly taýýar edilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Şu ýyl galla oragy möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýnlary işletmek meýilleşdirilýär. Olary mehanizatorlaryň 4 müň 47-si iki çalşykda işleder. Möwsümde işlediljek kombaýnlaryň ýanynda sazlaýjy we abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan 453 topar döredildi. Olar zerur enjamlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar bilen üpjün edildi. Ýygnalan gallany kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşamak üçin awtoulaglaryň 9 müň 817-sini ulanmak meýilleşdirilýär. Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär, göçme söwdalar guralar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2022-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetip gelýän galla oragy möwsümine ünsi çekdi we birnäçe tabşyryklary berdi. Ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur guramaçylyk çärelerini geçirip, işleriň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek barada görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz kombaýnlary orak möwsümine doly taýýar edip, olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini gazanmagyň wajypdygyny nygtady.

Galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme doly taýýarlap, hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini üpjün etmek, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini peýdalanmak üçin şertnamalary baglaşmak arkaly galla hasylynyň kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny üpjün etmek wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýetişdirilen galla hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alnyşyna, daşalyşyna we kabul ediş nokatlaryna tabşyrylyşyna gözegçilik etmegi hem-de degişli ýardamy bermek üçin welaýatlara iş saparlaryna gidip, galla oragynyň üstünde bolmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalary bilen şertnama baglaşmak arkaly galla hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara wagtynda we ýitgisiz daşamak üçin gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky ýük awtoulaglaryny bermek barada görkezme berdi.

Wise-premýer Ç.Gylyjowa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalary bilen şertnama baglaşmak arkaly galla hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli ýük awtoulaglaryny bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýolbaşçylyk edýän agentliginiň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalary bilen şertnama baglaşmak esasynda galla hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara,elewatorlara wagtynda we ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz hem-de ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmek barada görkezme berildi. «Türkmenawtoulaglary» agentligine galla oragy döwründe awtoulaglaryň netijeli ulanylyşyna we işledilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowyň ünsüni Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalary bilen şertnama baglaşmak arkaly galla hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak üçin nebitgaz toplumyna degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýük awtoulaglaryny bermek meselesine çekdi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna, degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalary bilen galla hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamak üçin şertnama esasynda zerur nebit önümleri bilen şu ýyl üçin berlen çäkli möçberleriň hasabyna bökdençsiz üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Muhammedowa ýüzlenip, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň galla oragy möwsüminde tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmelidigini tabşyrdy. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy orak möwsüminde galla hasylynyň kabul ediş nokatlaryndaky barlaghanalarda hil görkezijileri boýunça barlanyp, talabalaýyk kabul edilmegini üpjün etmelidir hem-de tabşyrylýan gallanyň möçberiniň anyk hasabyny ýöretmelidir.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe galla oragy möwsüminde meýdanlarda, kabul ediş nokatlarynda, däne kombaýnlarynda we galla daşaýan awtoulaglarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi üçin gözegçilik işlerini geçirmek babatda görkezmeler berildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.