mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öňde barýar

view-icon 1095
«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öňde barýar

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji aýlawyndan soň öňdeligi elden bermän gelýär.

Ýaryşyň 3-nji tapgyrynda Türkmenistanyň häzirki çempiony öz golaý bäsdeşi – Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen duşuşdy. Duşuşykdan öň Türkmenistanyň IIM-niň kluby liderden 2 utuk yzdady, ýeňiş gazansa öňe saýlanýardy.

Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi arenasynda geçirilen oýun örän gyzykly geçdi.

«Altyn asyr» oýnuň 17-nji minudynda Möwlamberdi Goşşanowyň geçiren golundan soň 1:0 hasabynda öňe saýlandy. 52-nji minutda Begenç Akmämmedow 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi – 1:1. Şondan 6 minut geçensoň Möwlamberdi Goşşanow topy öz derwezesine salansoň, «Köpetdag» 2:1 hasabynda öňe çykdy.

Oýnuň soňy has gyzykly boldy. 80-nji minutdda Begmyrat Baýow hasaby deňledi – 2:2. Şondan 3 minut geçende Myrat Annaýew «Altyn asyry» öňe çykardy – 3:2. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň kluby ýeňjege meňzeýärdi. Ýöne goşmaça berlen wagtyň 3-nji minutynda Türkmenistanyň IIM-niň klubynyň netijeli hüjümi bilen Şazada Bäşimow hasaby deňledi – 3:3.

Şeýlelikde, 4-nji tapgyrdan öň «Altyn asyr» 7 utuk bilen «Köpetdagdan» 2 utuk aratapuwudy saklap, öňdeligi elden bermän gelýär.

Öz aralarynda 0:0 hasabynda deň oýnan «Ahal-2» we «Aşgabat» ýaryşda soňky orunlarda barýarlar. «Aşgabadyň» 2, «Ahal-2» bolsa 1 utugy bar.

4-nji tapgyrda «Aşgabat» – «Altyn asyr» bilen, «Köpetdag» bolsa «Ahal-2» bilen duşuşarlar.