Ï «Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda finala çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda finala çykdy

view-icon 5657
«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda finala çykdy

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň häzirki çempiony Büzmeýin etrabynyň stadionynda «Aşgabat» toparyny 4:2 hasabynda utup, iki aýlawly ýaryşyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda wagtyndan öň ilkinji bolup finala çykdy. Oýun turuw başdan dartgynly geçdi. 23-nji minutda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary Ahmet Ataýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs urandan soň 1:0 hasabynda öňe saýlandy. 39-njy minutda Nurýagdy Muhammedowyň 27-nji we minutda Toýmämmet Sähetmämmedowyň dürs urgylary netijesinde 1:2 hasabynda utulýardy. 45-nji minutda Nurmyrat Rozyýew hasaby deňledi – 2:2.

Duşuşygyň ahrynda «Altyn asyr» Begençmyrat Myradowyň (71-nji minutda) we Myrat Annaýewiň (86-njy minutda) tagallasy netijesinde ýeňiş gazandy.

«Altyn asyr» toparyndan 2 utuk az toplan Aşgabadyň «Köpetdagy» köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen oýunda «Ahalyň» ýaşlar düzümini 4:0 hasabynda utup, finala çykmaga golaýlady. Türkmenistanyň IIM-niň klubyndan Yhlas Saparmämmedow (35-nji minutda), Batyrgylyç Berdiýew (38-nji minutda), Ýagşysähet Döwletgeldiýew (71-nji minutda) we Begenç Mämmedow (90+2-nji minutda) tapawutlandylar.

Ýaryşda soňky orunlarda barýan «Ahal-2» we «Aşgabat» klublarynyň degişlilikde 2 we 1 utugy bar.

Aşgabadyň Kubogynyň eýesi 18-nji maýda belli bolar.