Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 4182
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň öndürijilikli işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanylýar.

Häkim ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi. Welaýatda pile öndürmek işleri ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Şeýle hem welaýatda häkimligiň ähli düzümlerinde, degişli edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmeginiň we onda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Türkmenistanda 2022-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda” Karara laýyklykda, orak möwsümine taýýarlyk işleriniň, onda işlediljek kombaýnlaryň, kabul ediş bölümleriniň we awtoulaglaryň möwsüme taýýarlygy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şunda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin guramaçylyk hem-de kombaýnlary sazlaýjy, abatlaýjy toparlary döretmek, şol bir wagtyň özünde tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini gazanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dolandyryş edaralarynyň işine, umuman, häkimligiň ähli düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň ösen tejribelere laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagy hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn taýýarlyk işleri, ýetişdirilýän galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, welaýatda guramaçylyk toparynyň döredilendigi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri batly depginde dowam edýär. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatda pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işler talabalaýyk dowam etdirilýär.

Welaýat häkimliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri talabalaýyk derejede ýerine ýetirilýär. Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy, şol bir wagtyň özünde inženerçilik desgalaryny gurmak, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, galla oragyna görülýän taýýarlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, orakda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş bölümleriniň, terezileriň, awtoulaglaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde tabşyrylýan galla hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, zerur bolan ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesinde geçirilmeginiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaba laýyk gelmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipesidigine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimliginde we beýleki ugurdaş düzümlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýola goýulmalydygyny aýtdy. Şeýle-de welaýatyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek we medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gallaçy kärendeçileriň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de welaýatda gowaça ekişiniň barşy, gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, hatarara bejergini öz wagtynda we ýokary hil derejesinde geçirmek boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Sebitiň etraplarynda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli amal etmek ugrunda degişli işler ýokary derejede dowam etdirilýär.

Häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyny, şunda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak, galla kombaýnlaryny abatlaýan tehniki toparlary döretmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmäge taýýarlyk görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda ideg işlerini ýerine ýetirýän tehnikalaryň we beýleki gurallaryň doly güýjünde ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýüpek gurçuklaryna edilýän idegiň talabalaýyk derejede alnyp barylmagyna, pile öndürmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şeýle-de ýeralma, gök we bakja önümlerini öndürmek ugrunda edilýän tagallalaryň derejesiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk guralmagy ugrunda degişli işleriň amala aşyrylmalydygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, şunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Welaýatyň ähli düzümlerine we edara-kärhanalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, onda häzirki zamanyň ösen tejribesini, kämil tehnologiýalary ulanmak häzirki döwrüň möhüm talabydyr.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda galla oragyna taýýarlyk görmek we gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän degişli ideg işleri barada hasabat berdi. Sebitiň çäklerinde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygyny üpjün etmek işlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Häkim welaýatda pile öndürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň we beýleki binalaryň, ugurdaş düzümleriň gurluşyklary, olarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de ähli düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyna görülýän taýýarlyk işleriniň talabalaýyk derejede alnyp barylmalydygyny, orakda işlediljek ähli tehnikalaryň, kabul ediş bölümleriniň we beýleki düzümleriň taýýarlygyna möhüm üns berilmelidigini, şol bir wagtyň özünde tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklary geçirmäge degişli derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi we bu babada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerinde ulanylýan tehnikalaryň, beýleki oba hojalyk gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. Welaýat häkimliginde we onuň garamagyndaky edaralarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň talabalaýyk guralmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň azyk we gök önümler bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Sebitiň dürli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, welaýatda galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda we bellenilen möhletlerde geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler geçirilýär.

Häkim hasabatyň dowamynda sebitde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, şeýlelikde, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada habar berdi. Mundan başga-da Oba milli maksatnamasyndan, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilen çözgüde laýyklykda, orakda işlediljek kombaýnlaryň, kabul ediş bölümleriniň, terezileriň we awtoulaglaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini, orak möwsümini gysga wagtda we ýokary hilli geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Şunda tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmäge zerur taýýarlyk çäreleri durmuşa geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini, ideg işlerinde tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmegiň hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmegiň möhüm talapdygy bellenilip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyna üns çekildi. Welaýatda pile taýýarlamak baradaky meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer döwlet tarapyndan edilýän goldawlaryň netijesinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygy, bugdaýlara ideg etmegiň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygy, orak möwsümine taýýarlyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini nazara alyp, sebitde gowaça ekişini gysga möhletlerde doly tamamlamak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada maglumat berildi. Şeýle hem ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, gök we bakja ekinlerine ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Wise-premýer pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 576 tonnadan gowrak piläniň tabşyrylandygyny we bu ugurda bellenilen meýilnamanyň 25,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Häzirki döwürde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pile tabşyrmak işleri dowam edýär. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda orak möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň, galla kabul ediş bölümleriniň, terezileriň we ýük awtoulaglarynyň möwsüme taýýarlygynyň wajyp meseledigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri ýokary agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidir hem-de tehnikalar we gurallar doly güýjünde işledilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bolçulygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň berjaý edilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, maslahaty jemledi we uly üstünlikleri nazarlaýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bellenilen meýilnamalaryň, maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ähli düzümleriň işlerine, önümçilige sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.