Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

view-icon 59
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Şu gün Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz çäräniň geçirilýän ýerine — Garaşsyzlyk köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra sammit öz işine başlady.

Bu ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibine emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak hem-de bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynyň wekilleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmek bilen, dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly üpjün edip boljakdygyndan ugur aldy” diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem sammitiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine köptaraplaýyn dialoga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy kiberhowpsuzlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri bolsa sammite gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.