Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 5623

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Häzirki wagtda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň berkidilmegine, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga hem-de halkyň abadançylyk derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, halklarymyzyň dost-doganlygynyň pugtalandyrylmagyna Gazagystanyň Lideriniň uly üns we goldaw berýändigini aýratyn belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.