Ï Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

view-icon 6860

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda şu gün bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.

Özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy bu forumlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, iň ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli özara gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň aýdyň görkezijileridigini belledi. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de köp umumylygy bolan ýakyn goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Özbegistanyň Prezidenti hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit derejesinde parlamentara hyzmatdaşlyk ulgamynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara gatnaşyklarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk we ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.