Ï Kubok ugrundaky ýaryş başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kubok ugrundaky ýaryş başlandy

view-icon 6437
Kubok ugrundaky ýaryş başlandy
Kubok ugrundaky ýaryş başlandy
Kubok ugrundaky ýaryş başlandy
Kubok ugrundaky ýaryş başlandy
camera-icon
tff.com.tm

Mary şäherinde futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrunda sekiz topar güýç synanşar.

Uly baýrak ugrunda Türkmenistanyň ýokary ligasynyň iki topary: «Merw» we «Energetik», şeýle hem alty sany höwesjeň: «Olimp», «Murgap», «Hereket», «Ýolöten», «Baýramaly» we «Kuwwat» toparlar bäsleşýär.

Ýaryşa gatnaşýanlar iki toparada çykyş ederler. «A» toparda «Merw», «Kuwwat», «Hereket» we «Murgap», «B» toparda bolsa «Energetik», «Olimpi», «Baýramalyny» we «Ýolöteni» oýnarlýar.

Her topardan iň gowy iki toparça ýarymfinala çykar. Ýarymfinal jübütleriniň ýeňijileri 28-nji maýda finalda baýrak eýesini kesgitlärler.

Birinji tapgyr diýseň netijeli boldy: dört oýunda 24 gol geçirildi.

«A» toparda «Merw» 9 : 0 hasaby bien «Murgaby» utdy, «Kuwwat» bilen «Hereket» bolsa deň oýnadylar. «B» toparda «Energetik» 7 : 1 hasaby bilen «Ýolöteni», «Olimp» bolsa «Baýramalyny»– 4: 1 hasabynda ýeňdi.

Ikinji tapgyryň oýunlary 17-18-nji maýda geçiriler, onda «Murgap» – «Hereket», «Ýolöten» – «Baýramaly», «Merw» – «Kuwwat» we «Energetik» – «Olimp» bilen duşuşar.