Ï Kubok ugrunda bäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kubok ugrunda bäsleşik

view-icon 3265
Kubok ugrunda bäsleşik

«Altyn asyr» we «Aşgabat» toparlary futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrunda bäsleşerler. Abraýly baýrak ugrundaky bäsleşik dört toparyň iki aýlawly ýaryşynyň jemi boýunça belli boldy.

Ýaryşyň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna iki oýun galanda «Altyn asyr» möhletden öň finala çykdy.

Jemleýji tapgyrdan öň «Köpetdag» we ondan 3 utuk yzda barýan «Aşgabat» finala çykmga dalaşgärdi. Şeýle ýagdaýda finala çykmak artykmaçlygy Türkmenistanyň IIM-niň toparyna degişli ýalydy. Ýöne beýle bolmady. Güýçmyrat Annagulyýewiň 76-njy minutda geçirien ýeke-täk pökgüsi duşuşygy Türkmenistanyň häzirki çempionynyň haýryna jemledi. 

«Köpetdagyň» ýeňlişinden ýerlikli peýdalanan «Aşgabat» «Ahal-2» toparyny 3:0 hasabynda utdy, pökgileri Merdan Gurbanow (34-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan), Merdan Muhadow (38-nji minutda) we Şatlyk Gurbanow (57-nji minutda) tora saldylar.

Şu ýeňişden soň «Aşgabat» utuk babatda «Köpetdag» bilen deňleşdi, ýöne özara duşuşyklaryň tapawudy netijesinde Türkmenistanyň IIM-niň toparyny üçünji orna düşürdi.

Şeýlelik-de, 3-nji orun ugrunda «Köpetdag» «Ahalyň» ýaşlar düzümi, baş baýrak ugrunda bolsa «Altyn asyr» we «Aşgabat» toparlary duşuşarlar.