Ï Sahnada täze taryhy drama eseri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada täze taryhy drama eseri

view-icon 6129
Sahnada täze taryhy drama eseri

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan şöhratly taryhymyzy şöhlelendirýän “Mertler Watany beýgeldýärler” atly drama eseri sahnalaşdyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary we “Gorkut ata” eposy esasynda Perhat Hudaýberenow we Gaýyp Jumaýew tarapyndan edebi esasy ýazylan bu sahna eseriniň ýakynda ilkinji sapar görkeziliş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşan belli teatr we döredijilik işgärleri türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän beýik ýörelgelerini, pähim – paýhas bilen utgaşýan merdi-merdanalygyny, dogduk diýara bolan bimöçber söýgüni, ata – babalarymyzdan gelýän gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini, “Ata kesbi ogla halal” diýlen dana sözüň çuňňur mazmunyny beýan edýän bu sahna eseriniň şowly çykandygyny bellediler.

“Türkmen teatr sungaty” ady bilen paýtagtymyz Aşgabat şähewrinde döwlet derejesinde geçirilýän teatr festiwalyna hödürlenýän 2 bölümden, 12 görnüşden ybarat bu spektakly zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrypdyr. Öňem birnäçe şowly çykan, halkara, döwlet bäsleşiklerinde gowy bahalara mynasyp bolan spektakllary sahnalaşdyran režissýora teatryň tejribeli, şeýle hem ýaş aktýorlary bilen umumy dil tapmak, eseriň tutuşlygyna gahrymançylyk, watançylyk, paýhasdar pederlerimizden gelýän mertlik, edermenlik duýgusyna ýugrulan mazmunyny açmak we tomaşaçylara ýetirmek başardyrdyr.

Täze sahna eseriniň şygyr bilen beýan edilmegi we diliniň “Gorkut ata” eposyna ýakyn bolmagy, milli we harby lybaslaryň wakalaryň bolan döwrüne laýyk gelmegi tomaşaçylary halkymyzyň şöhratly taryhynyň jümmüşine syýahata alyp gidýär. Spektaklda esasy gahrymanlar batyr alp Bekeliň keşbini döreden Döwlet Hudaýnazarowyň, onuň aýaly Görkli hanymyň keşbinde çykyş eden Gülşat Amandurdyýewanyň, Bekel alpyň ogly Ymranyň hem-de onuň söýýän gyzy Gülçeçegiň keşplerini döreden Şöhrat Illiýewiň we Umyda Hemraýewanyň ynandyryjy hereketleri tomaşaçylary biparh goýmaýar. Ene topragyň, il – ýurduň üstüne howp abananda batyrlygy bilen duşmanlary dowla salýan Bekel alpyň ogly Ymranyň ýaşlygyna garamazdan ýarawsyz atasynyň harby lybasyny geýnip, atyna atlanyp, batyr ýigitlere baş bolup, ganymlara garşy gaýduwsyzlyk bilen göreşe çykmagy ýürekleri gobsundyrýar. Bu ýerde Ymranyň gandöküşikli söweşiň öňüni almak maksady bilen duşmanlaryň serkerdesini başa – baş söweşe çagyryp, ondan üstün çykmagy batyrgaý nesliň gahryman pederleriň şöhratly, ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirediginiň, şeýdip milletiň dowamat – dowam bolandygynyň subutnamasyna öwrülýär. Merdana türkmen gyzy Gülçeçegiň Watanyň, halkyň, ene topragyň mukaddesligi, wepadarlyk barada ýürekden syzdyryp, ýaryny ruhlandyryp söweş meýdanyna ugratmaklygy hem aýratyn tolgundyryjy çykypdyr. Spektaklda başdan aýak hereket edýän Gorkut atanyň keşbini janlandyran Çary Rahmankulowyň, şeýle hem Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebowyň we Akjagül Suhanowanyň janlandyran Salyr Gazanyň hem-de enäniň keşpleri sahna oýnuna agraslyk çaýyp, ýaş aktýorlary yzyna düşürmegiň hötdesinden gelipdir.

Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren hudožnik Myrat Haýtyýewiň, saz bezegini amala aşyran Ruslan Hemraýewiň hem yhlaslarynyň ýerine düşendiklerini aýtmak bolar.

Umuman, şowly çykan täze taryhy spektakl köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan merdana halkymyzyň şöhratly taryhyna seýle çykaryp, Watan goragynyň mukaddesdigini, onuň üçin peder paýhasynyň, nesil gaýratynyň beýik sazlaşygynyň nusgalykdygyny açyp görkezýär.