Türkmen medeniýeti dilden aýdylýan eserlere, aýratyn hem halk ertekilerine baýdyr. Halk döredijiliginiň nesilden-nesle geçip gelýän eserleri türkmen halkynyň durmuş gymmatlyklaryny we paýhasyny beýan edýär.
Soňky ýyllarda meşhur halk ertekileriniň daşary ýurt dillerine terjime edilmegine aýratyn üns berildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bu ugurda alyp barýan işleri türkmen medeni mirasynyň saklanmagyna we halkara derejesinde ýaýramagyna saldamly goşant goşýar.
Bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň dilini we medeniýetini oňat bilýän hünärmenler işleýär. Olaryň tagallasy bilen türkmen halk edebiýatynyň iň gowy nusgalary, arap, iňlis, nemes, fransuz, koreý, türk, hytaý, ýapon, ispan, rus we pars dillerine terjime edildi.
Bu terjimeler ertekileriň asyl manysyny saklap, okyjylar köpçüliginiň medeni we dil aýratynlyklaryna kybaplaşdyrylypdyr. Täze neşirler türkmen ertekileriniň we rowaýatlarynyň baý dünýäsini göz öňüne getirmäge kömek edýän ajaýyp suratlar bilen bezelipdir, bu bolsa olary daşary ýurtly dürli ýaşdaky okyjylara golaý we düşnükli edýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynda neşir edilen «Ertekiler dünýäsi», «Dostlugyň miwesi» we «Bir bar eken» ýygyndylary ýurduň kitap dükanlarynda satylýar. Neşirler dünýä medeniýeti bilen gyzyklanýanlara ajaýyp sowgat bolup biler.
Şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçirilýändigi nukdaýnazaryndan şeýle başlangyçlar möhüm ähmiýete eýe bolýar, çünki olar medeni gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär, halklaryň arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi gazanmakda medeni alyşmanyň ähmiýetini nygtaýar.