mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen-özbek gümrük hyzmatdaşlygy giňeýär

view-icon 3085
Türkmen-özbek gümrük hyzmatdaşlygy giňeýär

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriň duşuşygy geçirildi.

Hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşdylar.

Taraplar, Taslama boýunça öz teklip we bellikleri bilen alyşyp, resminamany ylalaşmak babatda iki tarapyň ýerine ýetirmeli wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, hünärmenler gümrük işi babatda türkmen-özbek gatnaşyklaryň soňky döwürde giňeýändigini kanagatlanma bilen belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem tagallalary etjekdikleri barada ynam bildirdiler we birek-birege uly üstünlikleri arzuw etdiler.