Ï Mary welaýat kubogynyň ýarym finalçylary kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýat kubogynyň ýarym finalçylary kesgitlendi

view-icon 6866
Mary welaýat kubogynyň ýarym finalçylary kesgitlendi
camera-icon
tff.com.tm

Futbol boýunça Mary welaýat kubogyna dalaşgär toparlaryň sany dörde çenli azaldy. Ýarym finalda baş baýrak ugrundaky bäsleşigi «Merw», «Kuwwat», «Energetik» we «Olimp» dowam ederler. Bu toparlar geçen jemleýji tapgyryň netijesi boýunça kesgitlendi.

«A» toparda «Kuwwat» «Murgaby» 12 : 1, «Merw» bolsa «Hereketi» 10 : 0 hasabynda ýeňdi. Netijede, birinji ýeri «Merw» eýeledi (9 utuk). Bu topardan ikinji bolup, ýarym finala çykmak üçin geçirilen oýunlaryň netijesinde «Hereketden» öňe geçen «Kuwwata» (4 utuk) miýesser boldy.

«B» toparda «Olimp» 4 : 0 hasap bilen «Ýolöteni» utdy, «Energetik» bolsa «Baýramalyny» uly ýeňlişe sezewar etdi ‒ 6 : 1. Bu ýerde ilkinji iki ýeri «Energetik» (9 utuk) bilen «Olimp» (6 utuk) eýeledi.

Şeýlelik-de, ýarym finalda «Merw» we «Olimp», ikinjide bolsa «Energetik» we «Kuwwat» oýnar.

Mary welaýatynyň kubogynyň eýesi 28-nji maýda boljak jemleýji oýunda belli bolar.