Ï Halypalar mekdebi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halypalar mekdebi

view-icon 6571
Halypalar mekdebi

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň mugallymlaryndan we ýolbaşçylaryndan ybarat höwesjeňler topary geljek ýyl 40 «ýaşy dolýan» bu ýokary mekdebiň halypa-mugallymlary barada makalalar ýygyndysyny toplap, neşir etmegi maksat edindi.

Okuw jaýynyň taryhyny öwrenijileriň ilkinji nobatda nazarynyň instituty döretmegiň başlangyjynda duranlara — ilkinji mugallymlara gönügendigi maksada laýyk. Şunuň ýaly ajaýyp mugallymlaryň biri-de Lýobow Ankarowna Taýlyýewady.

Häzir bu okuw jaýynda abraý bilen işläp ýörenleriň köpüsi, bir döwürde onuň talyby bolupdy. Olar L. A. Taýlyýewanyň gyzykly leksiýalaryny we amaly sapaklaryny häzire çenli ýatlaýarlar. Onuň talyplara ýyllyk we diplom işlerini ýazmak boýunça beren maslahatlarydyr gözükdirmeleriniň bahasy gymmatly bolup, geljekde olaryň ylmy işleriniň we gözlegleriniň manyly esasy bolupdy.

Şu ýyl Lýobow Ankarowna Taýlyýewanyň 72 ýaşy dolmalydy. Ol zähmet ýoluny 1972-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynyň uly kitaphanaçysy wezipesinden başlapdy. Ondan öň bolsa çagalygy Maryda geçipdi, paýtagtymyzyň 12-nji orta mekdebinde okapdy, 1972-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, filolog, rus dili we edebiýaty mugallymy hünärini ele alypdy.

TDU-nyň aspiranturasynda okuwyny tamamlap, «Türkmen edebiýatynda Kemine şahyryň taryhy şahslygynyň çeper konsepsiýasy» atly temasyndan kandidatlyk dissertasiýasyny gorandan soň L. Taýlyýewa uniwersitetiň edebiýat kafedrasynda mugallym bolup işe başlaýar. Kän wagt geçmänkä, ol eýýäm uly mugallym bolýar, şol bir wagtyň özünde-de TDU-nyň jemgyýetçilik kafedrasynyň filosofiýa bölüminde okuwyny tamamlaýar.

Biraz wagtdan soň uniwersitetiň öňdebaryjy mugallylarynyň biri hökmünde ony täze iş ýerine ugradýarlar. 1984-nji ýylda Rus dili we edebiýaty mugallymçylyk instituty açylandan soň, ol täze ýokary okuw mekdebinde işläp başlaýar we ýene bir ýyldan kafedra müdiri bolýar, oňa doçent derejesi berilýär. Soňra L. Taýlyýewa Rus dili we edebiýaty fakultetniiň dekany wezipesinde işleýär.

Zähmeti üçin ol birnäçe gezek Hormat haty bilen sylaglanýar, 1996-njy ýylda bolsa L. Taýlyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanýar. 2006-njy ýylda bolsa oňa «Zähmet weterany» diýlen hormatly at dakylýar.

Ajaýyp mugallymyň, päk göwünli adamyň ady institutda unudylmandyr. Şu günki gün onuň institutyň kitaphana gaznasynda saklanýan köpsanly ylmy işleri talyplara elýterli bolup galýar. Bu gün ylymlaryň kandidaty derejesine ýeten köpsanly şägirtleri bolsa bilim pudagynda üstünlikli zähmet çekýärler.

Elbetde, taýýarlanýan ýygyndy institutyň ýaş toýuna ajaýyp sowgat bolar. Ol halypa-mugallymlar hakyndaky köp sanly ýatlamalary öz içine alar, olaryň arasynda hyzmatyna laýyk baha berlen Lýubow Ankarowna Taýlyýewanyň ady-da uly orun tutar.