mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ylym ‒ önümçilige ýardam

view-icon 3195
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam
Ylym ‒ önümçilige ýardam

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ugurdaş hünärmenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzyň oba hojalygyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge niýetlenen  ylmy duşuşyklary yzygiderli guraýar.

Ýaňy-ýakynda geçirilen şunuň ýaly duşuşyklaryň biri-de S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky Maldarçylyk we weterinariýa Ylmy-önümçilik merkeziniň işine bagyşlandy. Hususan-da, ylmy duşuşygyň dowamynda merkeziň «Epizootologiýa» barlaghanasynda oba hojalyk mallarynyň ýokanç kesellerini anyklamak we öňüni almak, işläp döredilen weterinar biologik serişdeleri ulanyşa girizmäge gönükdirilen ylmy-gözleg işiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Çärä Merkeziň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, beýleki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, maldarlarçylyk bilen meşgullanýan telekiçiler, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalaryň hünärmenleri şeýle hem bu tema bilen gyzyklanýanlar gatnaşdylar.  

Ýygnananlaryň dykgatyna ýokanç keselleriň öňüni alyp, mallary goramak üçin Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň alymlarynyň döreden we önümçilige girizilen biologik serişdeleri hem-de häzirki döwürde işlenip taýýarlanýan sanjymlar hödürlendi. 

Çykyşlarda Merkeziň barlaghanalaryndan alnan we maldarçylykda giňişleýin ulanylyp, mallardaky brusellýoza keseliniň öňüni alýan alty sany biologik serişdeleri häsiýetlendirildi. Goýun-geçileriň, düýeleriň, gara mallaryň brusellýoza keseline garşy durup bilmekleri üçin dermanlaryň şeýle hem keseli anyklamak üçin ýurdumyzda öndürilen antigenleriň halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigi we hili boýunça daşary ýurtda öndürilenlerden kem däldigi bellenildi. Mundan başga-da ýerli biologik serişdeleri ulanmak oba hojalyk işgärleriniň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berip, maldarçylyk hojalyklaryny öz wagtynda weterinar önümleri bilen zerur mukdarda üpjün etmäge ýardam edýär. Ähli oňyn taraplary bilen birlikde, hünärmenler bu babatda import önümlerini ýerli önümlere çalyşmak boýunça döwlet wezipelerini çözmegiň çägindäki ähmiýetini nygtadylar. 

Häzirki wagtda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň talaby boýunça ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklary şu biologik serişde bilen üpjün edilýär.  

Duşuşygyň dowamynda Merkeziň hünärmenleri derman serişdeleriniň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, biologik serişdeleri taýýarlamagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berdiler. Bu gözlegleriň netijesinde «Epizootologiýa» barlaghanasynyň alymlary tarapyndan  ýokanç kesel — Sibir başyny anyklamaga degişli ýene iki görnüşli biologik serişde tapylyp, önümçilige teklip edildi. Bu serişdeler hil ülňüler barlagyndan üstünlikli geçdiler we «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklandy.  

Häzirki döwürde alymlaryň ýolbaşçylygy astynda barlaghanada mallaryň Sibir başyna garşy kapsulasyz sporal sanjymynyň üstünde işlenýär we synagdan geçirilýär.

Merkeziň wekilleriniň diňleýjilere geljekki meýilnamalar barada beren maglumatlaryna görä — weterinariýa bölüminiň alymlary mallary ýokanç we zäherlenme kesellerden goramak babatda ýerli çig mal esasynda mal lukmançylygyna zerur bolan birnäçe biologik hem başga-da birnäçe dermanlyk serşdelerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Çykyş edenler duşuşygyň jemini jemlemek bilen, ýokanç keselleri öz wagtynda takyk anyklamaga, onuň ýaýramagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýän, netijede, ilatyň howpsuz et-süýt önümleri bilen üpjün edilmeginiň we raýatlarymyzyň saglygynyň goralmagynyň güwäsi bolan weterinar biologik serşdeleri döretmek boýunça ylmy-gözleg işleriň ähmiýetini we möhümdigini bellediler. 

Duşuşygyň ahyrynda  S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň alyp barýan işlerine talyplaryň köpçülikleýin çekmekligi uniwersitetiň Ylmy-önümçilik merkeziniň ýene bir oňyn tarapydygy bellenildi. Merkeziň wekilleri ýokary derejeli geljekki hünärmenleri taýýarlamak işine öz goşantlaryny goşmak bilen, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegi üçin uly hyjuw bilen ýaşlaryň mugallymlary we halypalary hökmünde çykyş edýärler.