mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ildeşlerimiz futbol boýunça Aziýa Kubogynda (U-23) taryhy ýeňiş gazandylar

view-icon 2265

camera-icon
the-afc.com

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) Özbegistanda dowam edýän Aziýa-2022 ýaşlar Kubogynyň final ýaryşlarynda «A» toparyň ikinji tapgyrynda Eýranyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji ýeňşi gazandy. Arzuwguly Sapargulyýew (28-nji minutda jerime urgusyndan) we Teýmur Çaryýew (80-nji minutda) ýer eýelerinden bolsa Alireza Bawiýe (8-nji minutda) tapawutlandylar.

Birinji oýun türkmen futbolçylary üçin şowsuz bolan hem bolsa, öý eýelerine — özbegistanlylara mynasyp garşylyk görkezdiler.

— Biz Aziýa Kubogynda ilkinji gezek oýnaýarys. Özbegistan bilen duşuşykda biz bir ýalňyş goýberdik we şonuň üçin hem bu oýun biziň üçin şowsuz tamamlandy. Bu ‒ futbol, indi biz ünsümizi indiki garşydaşlarymyza gönükdirmeli. Ilkinji oýunda biziň futboolçylarymyz erjel oýnadylar we oýnuň ahyrynda tas gol hem geçiripdiler. Eýran bilen duşuşykda toparymyzyň Özbegistana garşy oýnaýşy ýaly depginli oýnamagyny isleýärin – diýip, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow Eýran bilen oýnuň öňýanynda metbugat maslahatynda aýtdy.

Eýranyň ýaşlar ýygyndysy (U-23) birinji tapgyrda Katar bilen (1:1) deňme-deň oýnady. Türkmenistanyň topary Eýranyň ýaşlar ýygyndysyny utandan soň, ilkinji 3 utugy gazandy.

«A» topardan ilkinji bolup, ¼ finala ikinji tapgyrda Kataryň toparyny 6:0 hasabynda utan Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçylary wagtyndan öň çykdy. Çärýek finala ikinji rugsatnamanyň ykbaly 7-nji iýunda jemleýji tapgyrda Katar ‒ Türkmenistan we Özbegistan ‒ Eýran duşuşyklarynda çözüler.

Ahyrky tapgyryň öňýany Türkmenistanly futbolçylar Eýranyň we Kataryň ýygyndylaryndan iki utuk öňde barýar, şonuň üçin-de katarlylar bilen jemleýji oýunda biziň toparymyzy deňme-deň oýun hem kanagatlandyrýar.