Çehiýanyň fotografçylyk jemgyýetiniň «PhotoArt PRAGUE» abraýly halkara fotosalonynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) fotohabarçysy Wýaçeslaw Sarkisýanyň «Talyp gyzlar» atly fotosuraty altyn medala mynasyp boldy.
Şu waka mynasybetli Wýaçeslaw Adamowiçe ýüzlenip, bäsleşikden galan täsirlerini okyjylarymaz bilen paýlaşmagyny haýyş etdik.
— Wýaçeslaw Adamowiç, ilkinji nobatda Sizi, sylagyňyz bilen gutlaýarys we bäsleşige gatnaşyşyňyz hem-de onuň aýratynlyklary barada gürrüň beräýseňiz!
— Gutlagyňyz üçin sag boluň! Öňki işlerimiň köpüsiniň dürli derejeli we dürli ýerlerde geçirilen sergilerde görkezilendigi üçin bu gezek meniň hut özüme çakylyk iberildi. FIAP fotobäsleşiginiň esasy aýratynlygy oňa ýöne baryp bolmaýanlygydyr. Özüňiz netije çykaraýyň: bäsleşige dünýäniň 44 ýurdundan jemi 2500 iş iberilipdir. Bäsleşige gatnaşmak üçin bolsa, olardan diňe 130 sanysy saýlanyp alnypdyr. Özi-de, suratlaryň geografiýasy ähli yklymlary öz içine alýar.
— «Talyp gyzlaryW surata almak pikiri sizi näme bilen özüne çekipdi, onsoňam iň abraýly fotobäsleşikleriň birinde onuň bilen ýeňiş gazanaryn diýip pikir etdiňizmi?
— «Talyp gyzlar» ýaly suratlar, bu bir şowlulyk diýse bolar. Ýöne ony tutmak üçin, fotosuratçy öňki hyzmatlaryna we üstünliklerine garamazdan hemişe gözlegde bolmaly, her gün özüni kämilleşdirmeli. Bu surat 8-nji mart — Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda düşürilipdi. Men tabşyryk bilen «Aşgabat» kinokonsert merkeizne bardym. Merkezde baýramçylyk dabarasy mynasybetli bezelen ýerlere aýlanyp çykdym. Zala göz aýlanymda, milli lybas geýnen gyzlary gördüm. Sahna çykyp, birnäçe kadr surata düşürdim. Şowlulyk! Juwanlyk! Gözellik! Türkmenistan! Surat şularyň ählisini özünde jemledi. Abraýly, talapkär eminler bolsa, megerem, hut şu zatlara baha berendirler. Gepiň gerdişine görä aýtsam, meniň «Moda maslahatlaşygy», «Bazar», «Däp-dessurlar we häzirki döwür» ýaly öňki fotoişlerim bilen-de şeýle bolupdy, olar hem gowy sylaglar bilen bellenipdi.
— Biziň bilşimizçe, bu siziň halkara fotobäsleşigine ilkinji gatnaşyşyňyz we ilkinji sylagyňyz däl. Şu barada aýdaýsaňyz ...
— Köpýyllyk zähmet ýolumda meniň işlerim dünýäniň 45 ýurdunda 150-den gowrak fotobäsleşikde görkezildi. 22 sany baýragym bar, olaryň arasynda ýokary derejeli medallar hem bar.
Ýogsa-da, ýakynda geçen reňkler babatyndaky halkara 15-nji fotobäsleşikde, dünýäniň 78 ýurdundan dört müňe golaý surat sergilendi, şolardan bellenen 35 suratyň arasynda meniň hem bir işim bardy.
Hut düýnüň özünde bolsa «Talyp gyzlar» suratynyň «Grand Ýewraziýa 2022» (Russiýa) bäsleşiginde, «18-th China International Photography Art Exhibition» (CIPAE, Hytaý) şeýle hem «Dünýäniň halklary 2022» (Serbiýa) bäşinji halkara fotobäsleşikde bellenendigi barada habar gelip gowuşdy.
— Biziň saýtymyza köpsanly ýaşlar, şol sanda fotografiýa bilen meşgullanýanlar-da girýär. Fotosungatda siziň ýeten sepgitleriňize ýetmekleri üçin olara näme maslahat bererdiňiz?!
— Eger kimdir biri eline fotoapparat alyp, suratlary düşürmäge başlaýan bolsa, ol fotografiýanyň, ilkinji nobatda, hyjuw we yhlas talap edýändigini bilmelidir. Beýleki hünärlerde bolşy ýaly, eger öz işiň aşygy bolmasaň, gowusy özüňe laýyk başga iş gözläniň gowudyr.
Täze başlan, fotografçylara bolsa arzuwym — hemişe özüňiz üçin surat almaga ymtylyň! Dogrusynda gulak asmagy we beýlekileriň maslahatyny kabul etmegi öwreniň. Işiňizi batyrgaý alyp baryň. Eger özüňize taýyn ýaly görnen işi-de täzeden etmeli diýen duýgyňyz bar bolsa, ony täzeden düşüriň. «Yhlasa — myrat» diýipdirler. Hiç kime öýkünmeli däl-de yzygiderli öwrenmelidir.
— Özüňiz we döredijilik meýilleriňiz barada hem aýdaýsaňyz!
— Tas otuz ýyl bäri TDH-nyň fotohabarçysy bolup işleýärin. Köp neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýärin.
2014-nji ýylda FIAP, hormatly EFIAP adyna mynasyp bolan dokuz sany fotografyň sanawyny neşir etdi. Şolaryň arasynda meniň hem adym bar.
Soňky ýyllarda köp wagtymy ýaş fotograflara sarp edýärin. Häzir olar bilen bilelikde «Ferula-2022» üçünji halkara fotobäsleşigine taýýarlyk görýäris. Onuň netijeleri boýunça surat sergisini guraýarys, onda Aşgabadyň «Ferula» fotoklubyndan Mekan Abdyllaýew, Muhammet Amanmämmedow, Swetlana Krupskaýa, Sergeý Mirzoýew, Ahmet Taňrygulyýew, Alina Tolstihina, Ahmet Hallyýew, Begenç Şyhlyýew ýaly öň klub üçin ýedi medal we dört sany FIAP we PSA hormat lentasyny gazanan awtorlar hökman gatnaşarlar. Ýaş suratçylaryň bu topary ýakynda 232 fotoklubyň arasynda bolup geçen bütindünýä FIAP bäsleşigne ilkinji gezek gatnaşdy. Onuň netijeleri boýunça oglanlar ilkinji ýüzlüge düşdüler. Täze başlaýanlar üçin bu gowy netije. Şahsy meýilnamalarym barada aýdylanda bolsa Türkmenistanyň täsin künjeklerine ýene bir baryp görmäge jan edýärin. Üýtgeşmeleri nazara alyp, surata düşürmek isleýärin. Diňe yzygider gözlegde suratça hakyky lezzet berýän kadry «tutumak» bolýar.
— Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!