Ï Türkmen talyplary «Lomonosow» uniwersiadasynda üstünlik gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary «Lomonosow» uniwersiadasynda üstünlik gazandylar

view-icon 7325
Türkmen talyplary «Lomonosow» uniwersiadasynda üstünlik gazandylar

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üç talyby Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň dil bilimi, sebiti öwreniş we medeniýeti öwreniş boýunça guran «Lomonosow» uniwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Hususan-da, türkmenistanly talyplar uniwersiadada dil bilimi boýunça tapawutlandylar. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýnur Jumaşowa ikinji orny eýeledi. Bu abraýly bäsleşikde Aýnur iňlis dili boýunça başarjaňlygyny görkezdi.

Iki sany ikinji orun Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Jumamyrat Myradowa we Hojamyrat Orazowa berildi.

Baýraga mynasyp bolanlar ikinji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Her ýyl geçirilýän «Lomonosow» uniwersiadasyna ýurdumyzyň talyplary dördünji gezek gatnaşýarlar. Şu okuw ýylynda eziz Diýarymyzda dil bilimi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplary iňlis, nemes, rus, fransuz we ispan dilleri boýunça bäsleşikde çykyş etdiler, beýleki ýokary okuw mekdeplerimiziň talyplary bolsa rus dili boýunça bäsleşige gatnaşdylar.

Bilim bäsleşigi däp boýunça iki tapgyrda geçirilýär. «Lomonosow» uniwersiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň hünär boýunça kämilleşmegine ýardam etmek, talyplary magistraturada, aspiranturada bilimlerini dowam etdirmäge çekmek, zehinli talyplaryň halkara olimpidalaryndaky we bäsleşiklerindäki çykyşlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak şeýle hem Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.