mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ahmet Agamyradow: «Türkmen futbolçylarynyň Aziýa (U-23) Kubogynyň «playoff» tapgyryna çykmagy, has belent sepgit barada oýlanmak üçin gowy itergidir»

view-icon 1772

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Özbegistanda dowam edýän Aziýa-2022 Kubogynda ýene bir taryhy ýeňiş gazandylar. Ikinji tapgyrda Eýrandan 2:1 hasabynda üstün çykyp, toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Katar bilen deňme-deň (2:2) oýnamak bilen, jemleýji ýaryşyň türkmenistanly debýutantlar ilkinji gezek Aziýanyň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girdiler.

«A» toparyň jemleýji oýnundan soň ildeşlerimiz begenç duýgularyny öz tälimçileri bilen paýlaşyp, ony agzybirlik bilen göge oklap gapdylar. Oýundan soňky metbugat maslahatynda bolsa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň tälimçisi toparyň üstünliginiň käbir esaslary barada gürrüň berdi.

«Ilki bilen halkymyzy şu ýeňiş bilen gutlamak we goldawlary üçin janköýerlere hoşallyk bildirmek isleýärin ‒ diýip, Ahmet Agamyradow aýtdy ‒ Kataryň topary bilen bolan duşuşygymyz iň kyn oýunlaryň biri boldy. Biz bu oýunda özümizi deňme-deň hasabyňam kanagatlandyrýandygyny bilýärdik, şonuň üçin-de hüjüme tiz geçip bilmek üçin, ýarymgoragda oýnamagy göz öňünde tutduk. Iki pökgi toparymyzyň derwezesine girenden soň bolsa, futbolçylarymyz duşuşygyň barşyny üýtgetmek üçin az tagalla etmediler we erkiň güýjüni ýüze çykarmak bilen, arzylan netijämizi gazandylar. Ýaş futbolçylaryň Aziýa (U-23) Kubogynyň «playoff» tapgyryna çykmasy ‒ has belent sepgit barada oýlanmak üçin itergidir».

Oýnuň gahrymany Begençmyrat Myradowyň oýnuny teswirlemek bilen, ýygyndy toparyň baş tälimçisi onuň toparyň esasy oýunçylarynyň biridigini aýtdy.

«Özbegistanyň topary bilen bolan birinji oýunda Begençmyrada şikes ýetdi, onuň şikesden soň hatarymyza gaýdyp gelmegi we iki wajyp goly geçirmegi bolsa bagtymyzyň getirdigidir» – diýip, A. Agamyradow gürrüň berdi.

Özbegistanly žurnalistiň ýaryşyň dowamynda türkmen futbolçylaryndan näme garaşmalydygy barada beren soragyna Ahmet Agamyradow şeýle jogap berdi:

«Biz ahyra çenli göreşeris, şol sanda, Awstraliýa bilen boljak ýarymfinal oýnunda-da elimizde baryny ederis. Finalda Özbegistanyň topary bilen duşuşmak-da erbet bolmazdy».

Çärýek finalda Awstraliýa bilen Türkmenistanyň toparlarynyň duşuşygynyň 11-nji iýunda Daşkendiň “Bunýodkor” stadionynda geçiriländigini ýatladýarys.