Ï «Türkmengaz» döwlet konsernine «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmengaz» döwlet konsernine «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 7614

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini zerur bolan himiki serişdeler, katalizatorlar we keramiki şarlar bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.