mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

view-icon 4992

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli karar edýärin:

1. Şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2022-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we baýraklar bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň ylmy işgäri Begli Döwrangeldiýewiç Gurbangeldiýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň ylmy işgäri Aman Myradowiç Behranowy (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminiň kiçi ylmy işgäri Güýçmyrat Täçmyradowiç Çangliýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy Jahantäç Sahyýewna Öwezowany (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Ýazgeldi Hemraýewiç Çaryýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Şahymuhammet Altymuhammedowiç Şahyýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Batyr Orazberdiýewiç Atdaýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň öwreniji mugallymy Begenç Sapargeldiýewiç Sahatkuliýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýa ulgamlary kafedrasynyň uly mugallymy Maral Abdullaýewna Amanowany (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy Döwletmyrat Allalyýewiç Amannazarowy (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty Begli Tirkişgeldiýewiç Abdykadyrowy (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Hudaýberdi Saparmuradowy (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary hem-de metrologiýa ölçeg serişdelerini barlaýan ylmy barlaghanasynyň I derejeli inženeri Gülşat Halmuhammedowna Soltanmyradowany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň mugallymy Suraýjemal Jepbargulyýewna Saparowany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly laboranty Şirin Gurbangeldiýewna Nurgylyjowany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistranty Bagtyýar Bäşim ogly Saparowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Muhammetberdi Baýramberdiýewiç Mamedowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Bahar Hudagulyýewna Magtymowany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hünär-tehniki okuw mekdebiniň okuw bölüminiň mugallymy Aýjan Haýytbaýewna Haýytbaýewany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Allamyrat Geldimyradowiç Amanmädowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Rustem Hojageldiýewiç Hojageldiýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Leýla Bäşimowna Aşyrowany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň pasportçysy Döwran Aganazarowiç Gullyýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy Kuwwatberdi Muhammetnurowiç Kakajyýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistr taýýarlygy okuwynyň talyby Begençgeldi Merdanowiç Baýrammyradowy (3-nji orun — telewizor);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina himiýasy kafedrasynyň mugallymy Serdar Orazgeldiýewiç Baýramowy (3-nji orun — telewizor);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maliýe kafedrasynyň öwreniji mugallymy Aýjahan Akmyradowna Nedirowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Aman Myratmuhammedowiç Hojalyýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy Hydyrguly Suwhangulyýewiç Tatowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Serhet institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy Batyr Gurbanmuhammet ogly Gylyjowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmen oba hojalyk institutynyň kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Ýusupbaý Abdullaýewiç Ermetowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Begenjowiç Akmyradowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Isa Annamyradowiç Annamyradowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çaga dogrulýan bölüminiň akuşer-ginekolog lukmany Nesibe Saparbaýewna Jumanyýazowany (3-nji orun — telewizor);

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň döwlet inspektory Laçyn Sapardurdyýewany (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 75-nji «Beýik Serdar nesilleri» orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Muhammetgeldi Nurmyradowiç Nurgeldiýewi (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Günzada Rahmanberdiýewna Godarowany (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Tyllagözel Tirkişmyradowna Işanmyradowany (3-nji orun — telewizor);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bägül Şatlykowna Sylabowany (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Hangeldi Allamuradowiç Rozyýewi (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Guwanjowy (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Hatyja Atanazarowna Döwletnazarowany (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýnabat Hemraýewna Nepesowany (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Halmuhammedowna Geldiýewany (1-nji orun — planşet kompýuteri);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Gülbahar Allamyradowna Ýagşyýewany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Orazmyrat Atamyradowiç Hommadowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Rahman Jumaberdiýewiç Kömekowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Umyda Berdimyradowany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jasurbek Bahramowiç Aşyrbaýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýaranmuhammet Samatmuhammedowiç Gurbanowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Şyhy Batyrowiç Şyhyýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Saida Hasanowna Hamraýewany (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň içerki goşunlar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Döwletgeldi Rahadowiç Gylyçmyradowy (2-nji orun — planşet kompýuteri);

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Sanjar Maksatmyradowiç Joýtyýewi (2-nji orun — planşet kompýuteri);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Selbi Hangeldiýewna Muhammedowany (3-nji orun — telewizor);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şemşat Jepbarowna Annageldiýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aksoltan Täçmämmedowna Amanmämmedowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Akmyradowiç Alimowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Öwezmuhammet Ýusupowiç Babaýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň hasap we audit fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýgül Begnazarowna Atdyýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Serdar Habibullaýewiç Rahymowy (3-nji orun — telewizor);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Güller Bazarowna Muhamowany (3-nji orun — telewizor);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gülbahar Şyhmyradowna Serhenowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýgül Şöhradowna Şöhradowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nurýagdy Çarymuhammedowiç Saparowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Mekan Döwranowiç Ataballyýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýörite edaralar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Didar Atajanowiç Babaýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Furkatžan Primbaýewiç Matkurbanowy (3-nji orun — telewizor);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Döwran Ahmedowiç Ahmedowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Perman Ýazmyradowiç Öwezowy (3-nji orun —telewizor);

Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bejeriş işi fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýlara Güýçmyrat gyzy Gazakowany (3-nji orun — telewizor).

2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatlar üçin çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 11-nji iýuny.