mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleri Meksikada ýaşlar arasynda geçýän dünýä birinjiligi ugrundaky bäsleşige başlaýarlar

view-icon 1870

11-nji iýunda Leonda (Meksikada) başlanýan agyr atletika boýunça doglan ýyly 2005-den öň bolmadyk ýaşlar arasyndaky dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan ýedi türgen gatnaşar.

Oglan-gyzlar 20 agram toparynda uly we kiçi medallar ugrunda bäsleşerler.

Ýigitler arasyndaky ýaryşa Türkmenistandan Perhat Bagtyýarow (55 kg çenli), Surajbek Sapaýew we Saparly Muhyýew (ikisi-de 96 kg çenli), gyzlar arasyndaky ýaryşa bolsa Ogulşat Amanowa (45 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa, Medine Amanowa (ikisi-de 59 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) gatnaşar. 

Türkmen agyr atletikaçylardan ilkinji bolup Ogulşat Amanowa (45 kg çenli) we Perhat Bagtyýarow (55 kg çenli) dagy orta çykar. 

Dünýä birinjiligi ugrundaky bäsleşik 18-nji iýunda tamamlanar.