mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionatynda 22 medal gazandylar

view-icon 1402
Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionatynda 22 medal gazandylar
Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionatynda 22 medal gazandylar
Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionatynda 22 medal gazandylar
Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionatynda 22 medal gazandylar

Ýaryşlara 16 ýurtdan ýetginjekler (18-ýaşa çenli), ýigitler (20-ýaşa çenli) we ulularyň arasynda sport sambosynda şeýle hem erkekleriň we zenanlaryň arasynda söweş sambosynda iň güýçli diýen at ugrunda güýç synanyşan 260 türgen gatnaşdy. 

Ildeşlerimiz jemi üç altyn, bäş kümüş we on dört bürünç medal gazanmak bilen, sambonyň söweş görnüşi we sport görnüşi boýunça tapawutlandylar.

Olaryň on ikisi ‒ bir altyn, üç kümüş we sekiz bürünç ‒ sport sambosy boýunça erkekler we zenanlar arasynda ýaryşyň jemleýji güni gazanyldy.

Altyn medaly Guwanç Begalyýew finalda 98 kg agram toparynda çykyş edip, özbegistanly Nodirjon Merhalikowdan üstün çykmak bilen gazandy. 79 kg. agrmda çykyş eden Özbegistanly Umytjon Abdullaýeden ýeňilen ildeşimiz Begenç Baltaýew kümüş medal aldy.

Zenanlar arasyndaky ýaryşda hormat sekisiniň ikinji basgançagyna Dinara Ibadullaýewa we Rano Ukazowa çykdy. Ilki ady agzalan Aziýanyň çempiony diýen at ugrunda bary-ýogy üç adam bäsleşýän 50 kg çenli agram toparynda finalda gazagystanly Margarita Bažaýewadan asgyn geldi. Ikinji bolsa 72 kg çenli toparda Gazagystanyň ýene bir wekili Dildaş Kuryşbaýewadan ýeňildi. 

Sport sambosy boýunça erkekler we zenanlar ýaryşynda ildeşlerimiziň her toparynda dört bürünç medal bar. Olara Muhammetmyrat Babekow (58 kg çenli), Muhammet Kössekow (64 kg çenli), Kakageldi Ýegenbaýew (71 kg çenli), Nedir Allaberdiýew (88 kg) şeýle hem Medine Aýdogdyýewa (59 kg çenli), Dinara Hallyýewa (65 kg çenli), Faride Mämmedowa (80 kg çenli) we Maksuda Egemberdiýewa (80 kg ýokary) dagy mynasyp boldy.