Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Tokaý hojalygy müdirliginiň Balkan welaýat Tokaý hojalygynda netijeli işler alnyp barylýar.
Bu tokaý hojalygynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly, Aýdere bölümlerinde miweli baglaryň, saýaly pürli agaçlaryň, bezeg gülleriniň saýlama görnüşleri ýetişdirilip, edaralardyr kärhanalaryň, guramalaryň hem-de raýatlaryň sargytlary boýunça taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda tokaý hojalygynyň nahalhanalarynda bol hasyl getirýän zeýtun, nar ýaly subtropik baglar bar. Mes toprakly meýdançalardaky zeýtun bolsa tebigy taýdan arassalygy, tagamlylygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.
Dag jülgelerinde beýleki subtropik miweli baglar bilen bir hatarda naryň birnäçe görnüşleri hem bitýär. Beýikligi adatça iki-üç metrden geçýän nar agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy 20-den 70 kilograma çenli baryp ýetýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň demanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem naryň dermanlyk häsiýetleri jikme-jik beýan edilýär.
Tokaý hojalygynyň Magtymguly bölüminiň Näre, Tämil bölümçelerinde degişlilikde 6,5 we 2 gektar ýerde, Aýdere bölüminde bolsa birnäçe gektar ýerde erik, alma, armyt, nar, zeýtun, badam, beýi, üzüm ýaly miweli baglaryň dürli görnüşleri ekildi.