Ï Standartlaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk ösýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Standartlaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk ösýär

view-icon 5407

Şu ýyl Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak boýunça Sebitara assosiasiýanyň doly hukukly agzasy bolanyna 30 ýyl dolýar. Onuň maksady standartlaşdyrmak meseleleri boýunça halkara we sebitara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bolmakdyr. 2000-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Standartlaşdyrmak boýunça Sebitara assosiasýasynyň Baş Assambleýasynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Onda standartlaşdyrmak boýunça Sebitara assosiasiýa agza ýurtlaryň standartlaşdyrmak pudagyndaky netijeli gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA-nyň standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň (SDG) ‒ standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça ylalaşykly syýasaty düzmek we alyp barmak boýunça hökümetara guramasynyň doly hukukly agzasydyr.

Önümiň (işiň, hyzmatyň) bäsdeşlige ukyplylygyny we hilini üpjün etmekde, ýurtda öndürilýän harytlary daşary bazarlara çykarmakda Standartlaşdyrmak boýunça halkara gurama (SHG) bilen hyzmatdaşlygyň orny möhümdir. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ISO-nyň gaýybana agzasydyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň önümleri ISO-nyň hil we ekologik arassalyk standartlaryna laýyklygy boýunça sertifikatlaşdyryldy. Şu ýylyň 31-nji maýynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy ISO bilen hyzmatdaşlykda TDS-ISO 13503-1:2011 (E) “Nebit we tebigy gaz senagaty” Guýynyň önümçilik gatlagyny açmak üçin suwuklyklaryň şepbeşiklik häsiýetlerini ölçemek standartyny kabul etdi.