mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Medeni çärelere baý hepde

view-icon 1523
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde
Medeni çärelere baý hepde

Iýun aýynyň 22 ‒ 28-i aralygynda Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler.

Döredijilik adamlarynyň Medeniet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli taýýarlanan hepdeligiň giň maksatnamasy tematik çäreleri, konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençleri we başga-da köp zatlary öz içine alar.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak, sanly ulgam boýunça halkara ylmy-metodik duşuşyklary geçirmek, «Magtymguly» operasyny görkezmek meýilleşdirildi.

Ýetip gelýän dynç günlerinde, ýagny 18-19-njy iýunda bolsa paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylary öz oýunlary bilen begendirer.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

19.06.2022 «Saňa ‒ ýalan, maňa ‒ çyn» ‒ 19:00

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

18.06.2022 «Gülki agşamy» ‒ 19:00

19.06.2022 «Gülki agşamy» ‒ 19:00

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

18.06.2022 «Söýgi duralgasy» ‒ 19:00

19.06.2022 «Goşa çynar» ‒ 19:00

«Söýgi duralgasy» oýny türkmen dramaturgy Aşyr Mämiliýewiň adybir pýesasy esasynda goýlandyr. Oýnuň ýordumy maşgala gatnaşyklary, gabanjaňlyk, parasat we kalbyň ýaralaryna melhem bolýan beýik söýgi barada gürrüň berýär.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry

19.06.2022 «Aladdin we jadyly çyra» ‒ 11:00; 13:00

19.06.2022 «Oýlap tapyjy magşuk» ‒ 19:00

Ispaniýaly dramaturg Lope de Weganyň joşguna doly bu komediýasy goňşusyna aşyk bolup, bagty üçin ähli zada taýyn Fenis atly gyz hakda gürrüň berer. Birnäçe ýyl mundan öň bu oýun uly üstünlik gazanypdy. Bu gün täzeden işlenen komediýany ýaş aktýorlar düzümi oýnaýar.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry

18.06.2022 «Gülki agşamy» ‒ 19:00

Türkmen döwlet gurjak teatry:

18.06.2022 «Towşanjygyn öýi» ‒ 12:00

18.06.2022 «Çagaly öy ‒ bazar» ‒ 19:00

19.06.2022 «Böwenjik» ‒ 12:00

19.06.2022 «Böwenjik» ‒ 17:00

19.06.2022 «Çagaly öy ‒ bazar» ‒ 19:00

«Böwenjik» oýny şol at bilen tanalýan doýmaz-dolmaz «hajymelik» hakyndaky türkmen halk ertekisiniň mazmuny boýunça döredilipdir. Çenini-çakyny bilmän, ol tä günlerde bir gün ýarylýança tapan-tupan zadyny garnyna atýar. Eýsem-de bolsa oýun gowulyk bilen tamamlanýar. Ähli etmişine düşünen Böwenjik hemmeler bilen parahatlykda, dostlukda we ylalaşykda ýaşamaly diýen netijä gelýär.