Ï Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

view-icon 4403

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Mary we Lebap welaýatlarynda toý saparlarynyň çäklerinde galla oragynyň barşy bilen tanşylandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz daýhanlar bilen duşuşyklarda hem-de söhbetdeşliklerde olara bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Bu sebitlerde ulanylmaga berlen durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalar ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine we halkymyzyň rowaçlygynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öňde durýan meýilnamalara ünsi çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy taýýarlanylanda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek, olaryň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedowa ýüzlenip, welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde gurulýan desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Hususan-da, tebigy baýlyklary we gorlary netijeli ulanmak üçin ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň, önümçilik ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygy, pudagyň edara-kärhanalaryna häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmalydygy, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleriň dowam etdirilmelidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, elektrik energiýasynyň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň we gurluşyk önümçiligine degişli beýleki harytlaryň, mineral dökünleriň öndürilişini durnukly ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz tebigy baýlyklardan, gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryndan rejeli hem-de netijeli peýdalanmak üçin, senagat we gurluşyk pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň gazanylmalydygyny, täze önümçilikleriň ýola goýulmalydygyny, iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň dowam etdirilmelidigini nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny we azyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagy welaýatlaryň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hatarynda kesgitläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Sebitlerde gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ot-iým binýadyny döretmek üçin zerur işler tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn durmuşa geçirilmelidir. Şunda bu ugurda daýhan hojalyklarynyň, hususy pudagyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň netijeli ulanylmagynyň gazanylmalydygyny belläp, halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara tejribeden ugur alyp, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygy, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmalydygy hem-de suw tygşytlaýjy usullaryň giňden ulanylmagynyň üpjün edilmelidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyndaky ileri tutulýan wezipelere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň ünsüni çekip, bilim edaralarynyň okuw kitaplary we gollanmalar, ähli dersler boýunça mugallymlar bilen ýeterlik üpjün edilmegini, bilim edaralarynyň abatlaýyş, abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýere tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň boş wagtlaryny ýurdumyzyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerini guramak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okatmagyň täze usullaryny, häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek, sanly ulgam bilen baglanyşykly okuw-usulyýet işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek aýratyn zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda obasenagat toplumyna dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak, bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ýer we suw serişdelerini tygşytlamakda täzeçil tehnologiýalary öwrenmek boýunça daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem-de özara tejribe alyşmak wezipeleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri ösdürmek hem-de Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny işjeňleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, bazarlaryň hem-de beýleki söwda nokatlarynyň dürli önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şunda bar bolan önümçilikleri netijeli ulanmak, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Önüm öndürijileriň netijeli işini ýola goýmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebite toý saparyny gurap, ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşandygy, gallaçy kärendeçileriň armasyny ýetirendigi üçin Arkadagly Serdarymyza welaýatyň ähli ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem häkim bugdaýly meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, meýilnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek we sebitiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini hemişe ünsde saklaýandygy, ýangyç-energetika toplumyna degişli desgalaryň ulanmaga girizilmegine ak pata berendigi, şeýle hem gallaçy kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk pudagynyň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň wajypdygy barada aýdyp, haryt bolçulygyny döretmek, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, işi ýöretmegiň täzeçil usullaryna, ýerlerde tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň Mary we Lebap welaýatlaryna guran toý saparlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna guran resmi saparlarynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzy saparlaryň üstünlikli jemlenmegi bilen gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan tutumly işleriň, şol sanda binýady berkden tutulan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini guwanç bilen belledi hem-de bu ugurda ýola goýlan halkara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda onda garalan meseleleriň, kesgitlenen wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäheriniň halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary biraz wagtdan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.