Ï «Deňizçi» futzal boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Deňizçi» futzal boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi

view-icon 4892
«Deňizçi» futzal boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi

«Deňizçi» futzal topary Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi. Bu üstünlige Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň topary finalda «Gumdagy» 8:1 hasap bilen utup ýetdi.

Kubok ugrunda ondan öňki tapgyrda ikä bölünen 7 topar bäsleşdi. Iki-iki iň gowy toparlar ýarymfinal jübütleri emele getirdiler. Onda «Gumdag» BTUM-y 3:2 hasap bilen ýeňdi, «Deňizçi» bolsa TNDK-dan 12:0 hasap üstün çykdy.

Jemleýji duşuşygyň başynda «Gumdag» 1:0 hasap bilen öňe çykyp, bu ýagdaýy 10-njy minuda çenli saklady. Emma soňra tejribeli futzalçylar oýnuň gidişini üýtgetdiler, netijede toparlar «Deňizçiniň» 3:1 hasap bilen utýan ýagdaýynda arakesmä gitdiler. Oýnuň ikinji ýarymynda deňiz ýakasynyň futzalçylary garşydaşlarynyň derwezesine ýene 5 top geçirmek bilen, Balkan welaýatynyň Kubogyna eýe boldular.

Hazar ýakasyndaky şäheriň klubyny bu ýeňşe 2011-ji ýyldan bäri üýtgewsiz işläp gelýän 45 ýaşly baş tälimçi Ýakup Öwezow alyp geldi. «Deňizçi» onuň ýolbaşçylygynda geçen ýyl Türkmenistanyň çempiony adyny ikinji gezek gazandy. Ýeňijileriň halypasy bolsa iň gowy tälimçi diýlip bellenildi.

Bäş ýyl mundan ozal Ýakup Öwezowyň Türkmenistanyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda dörtden bir finala çykan milli ýygyndy topary bilen işlemekde ýaponiýaly baş tälimçi Keoheý Nakamura kömek edendigi bellemeli.

Balkan welaýat Kubogynyň iň gowy netjeli oýunçysy «Deňizçiden» 7 top geçiren Abdylla Nursähedow boldy.