Ï Türkmen agyr atletikaçysy – ýetginjekleriň arasynda dünýäniň wise-çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen agyr atletikaçysy – ýetginjekleriň arasynda dünýäniň wise-çempiony boldy

view-icon 6903
Türkmen agyr atletikaçysy – ýetginjekleriň arasynda dünýäniň wise-çempiony boldy

Aşgabadyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew 17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Meksikanyň Leon şäherinde dowam edýän dünýä ýaryşynda 96 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, birden galdyrmakda, itip götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça üç medal gazanyp, dünýäniň wise-çempiony adyna eýe boldy. Bu agramda baýrak ugrunda 6 ýurtdan 7 türgen ýaryşdy.

Saparly alty synanşygyň diňe ikisini peýdalandy, şolar hem birden galdyrmakda (133 kg.) kümüş, itip götermekde (167 kg.) bürünç hem-de iki görnüşiň jemi boýunça ýene-de bir kümüş medal gazanmaga ýeterlik boldy. Şeýle netijäni S.Muhyýewden soň, iki görnüşiň netijeleri boýunça bürünç baýraga eýe bolan Pablo Medine Kontreras (Meksika) – 300 kg. (131+169) görkezdi. Gerwasi Tabagarä (Gruziýa) – 317 kg. (140+177) netije bilen dünýä ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

17 ýaşly sport ussady Saparly Muhyýew Sakarçäge etrabynda doguldy. Agyr atletika bilen Aşgabatda agasy Şamyrat Muhyýewiň we Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ahmed Saryýewiň ýolbaşçylygynda meşgullanýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, Saparlynyň türgen hökmünde uly mümkinçiligi bar. Şu ýyl ol Aşgabatda geçirilen çempionatda itip galdyrmakda 180 kilogram netije görkezen şahsy rekordy bilen birinjiligi eýeledi, bu görkeziji şu ýyl dünýä çempiony bolan Gerwasi Tabagariniň görkezen netijesinden 3 kg. ýokarydyr. Ýöne, Meksikadaky ýaryş meýdançasynda S.Muhyýew özüniň iň gowy netijesine 13 kg. ýetmedi we bürünç medala mynasyp boldy.

Şu agram derejesinde çykyş eden Türkmenistanyň ýene-de bir wekili Surajbek Sapaýew 292 kg. (132+160) netije bilen bäşinji orun eýeledi.

Meksikada 2022-nji ýylyň dünýä ýaryşynyň medallary ugrunda agram derejeleriniň 20 görnüşinde 39 ýurtdan türgenleriň 205-si (gyzlar – 115 we oglanlar – 90) güýç synanyşýarlar.

18-nji iýunda tamamlanýan dünýä ýaryşynda Türkmenistanyň toparyndan Anamjan Rustamowa (81 kg. agram) çykyş eder.