mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Nebiti gaýtadan işleýjileriň iş depginleri ýokarlanýar

view-icon 2011

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan ugur alnyp, Diýarymyzda giň gerimli toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem tutumly işler alnyp barylýr. Has takygy, gürrüňi edilýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty ýylda 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýasy gurlup, ulanylmaga berildi. Hereket edýän elektrik bekediniň durky täzelendi. Munuň özi, toplumda uglewodorod çig mal serişdeleriniň senagat taýdan gaýtadan işlenilýän möçberleriniň artmagyna ýardam berýär.

Türkmenbaşyly nebiti gaýtadan işleýjiler «gara altyny» senagat taýdan işlemek arkaly alynýan dürli nebit önümleriniň möçberlerini artdyrýarlar.

Bu toplumda şu ýylyň geçen 5 aýynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 110,6% berjaý edildi. Benzin, dizel ýangyjy, polipropilen, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek hem 121,9% amal edildi.

Halkara hil ülüňlerine doly laýyk gelýän bu önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.