mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşik geçirildi

view-icon 1928

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijlige höwesli adamlaryň, gelin-gyzlaryň, edara-kärhana işgärleriniň, talyp ýaşlaryň arasynda «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar «Syrly sungat», «Sungatym bar – hormatym bar», «Altyn – kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» ugurlary boýunça bäsleşdiler.

Baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly – haşam sungaty kafedrasynyň mugallymlary Şirin Gylyjowa we Abdylla Allanurow mynasyp boldular.

Şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjylary – zergär Ahmet Meredow we zergär Käbejemal Abakowa I orny, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çeperçilik mekdebiniň mugallymy Göwher Seýitjanowa we Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýiniň Gerkez oba şahamça muzeýiniň işgäri Serdar Döwletmämmedow II orny, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Ogulşeker Öräýewa we Saýat etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Resul Nurgeldiýew, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň mugallymy Halmyrat Güjikow we Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň hünärmeni Maýa Berdigylyjowa III orny eýelediler.

Ýeňijilere Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kädeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.