mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Medeniýet hepdeligine taýýarlyk

view-icon 1811
Medeniýet hepdeligine taýýarlyk

Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl ýurdumyzyň Mary welaýatynda geçiriler. Şu günler Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de medeniýet merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Döwletimiziň ähli künjeginden tanymal sungat ussatlarynyň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň gatnaşmaklarynda iýun aýynyň 22-27-si aralygynda geçiriljek bu hepdelige ýurdumyzyň Lebap welaýatyndan hem medeniýet we sungat işgärleriniň 50-si şeýle hem welaýat medeniýet merkeziniň «Jeýhun» tans topary, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri we Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylaryň maşgala ansambly gatnaşarlar. Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri gündogar sebitiň aýratynlyklaryny we Garaşsyzlyk döwründäki okgunly ösüşlerini görkezýän sergi gurnarlar.

Hakyky sungat baýramçylygyna öwrülip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini buşlaýan bu çäräniň dowamynda Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň iýun aýynyň 25-inde geçiriljek bilelikdäki konsertine welaýatyň tanymal aýdymçylary – Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünow, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri Pöwrize Gulamowa, Umyt Bazarow, Mawjuda Jumaýewa we zehinli aýdymçylaryň birnäçesi özleriniň täze döreden aýdymlary bilen gatnaşarlar.

Hepdelige welaýatyň medeniýet we sungat, kitaphana, folklor sungaty, senetkärlik boýunça tejribeli işgärleriniň hem birnäçesi gatnaşyp, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen kärdeşleri bilen özara tejribe alşarlar.