Ï Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

view-icon 2976

Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi O.D.Kononenka

Hormatly Oleg Dmitriýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.