mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Serginiň gahrymanlary ‒ reňklerde we bürünçde şekillendirilen zehinli adamlar

view-icon 1733

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň surat we heýkel sergisi açyldy. Sergide, ilkinji nobatda, tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň portretlerine üns berlipdir. Şonuň üçin-de sergi surat galereýasyny ýatladýar.

Sergi Türkmenistanyň halk artisti, professor Atageldi Garýagdyýewiň portreti ‒ Hakasiýanyň at gazanan suratkeşi Berdiguly Amansähedowyň işi bilen başlanýar. Onuň ýanyndaky suratda roýalyň başynda ýurdumyzda opera sungatynyň başlangyjyny goýan kompozitor Daňatar Öwezow dur. Ony Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Allanurow çekipdir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Nyýazmyrat Dowodowyň çeken suratynda bolsa Ýakup Allanurowyň hut özi dur.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjow bolsa suratda geçen asyryň 70-nji ýyllaryna mahsus bolan açyk reňklerde şekillendirilipdir. Bu ‒ Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň işi.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň iki işi goýlupdyr. Olaryň birinde ‒ kompozitor Nury Halmämmedowyň keşbi, ikinjisinde bolsa tomaşaçylaryň söýgüli kinoaktýory Baba Annanowyň suraty çekilipdir.

Portretlerde şekillendirilenleriň köpüsi häzir aramyzda ýok. Ýöne şu sergi öz döwründe zehinli bolan we türkmen halkynyň medeniýetiniň ösmegi üçin köp işler bitiren şol adamlara bolan hormaty artdyrýar.

Kiçi göwrümli heýkeller tanymal adamlaryň portret galereýalarynyň üstüni ýetirdi. Olaryň arasynda ‒ «Kompozitoryň portreti» atly Jumadurdy Jumadurdyýewiň işi-de bar. Heýkeltaraş bu işini kompozitor Nury Halmämmedowa mahsus häsiýetler bilen ýasapdyr, ýöne näme üçindir onuň adyny eseriň adyna goşmandyr. Ähtimal, ol şunuň bilen kompozitorlaryň keşbini bir şahsda, umumy şekilde görkezmek isländir. Belki-de bu heýkeli synlan her bir adamyň, onsuz-da öňünde bürünje beslenip, kimiň durandygyna göz ýetirip biljekdigi üçin şeýdendir.

Alekseý Şetininiň «Jigit tansy» atly işi ajaýyp heýkel. Onda tansçynyň tolgundyryjy, çeýe durşy şekillendirilipdir.

Dörtguly Babaýew gipsde özboluşly işini görkezipdir: açyk kitap, onuň boş sahypasynda şol sahypany doldurmaly goşgyny düzýän şahyr döredijilik ylhamyna berlipdir. Heýkeltaraş eserine «Şahyr» diýip at goýupdyr.

Gülleriň kompozisiýalary bolsa serginiň baýramçyylk sergisidigini görkezýär.