mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen nakgaşlarynyň eserleri ‒ hünär baýramyna sowgat

view-icon 1443

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy.

Ogulnur Poladowa nobatdaky eserinde golýazmasynyň üstünde işläp oturan Magtymguly Pyragynyň haşamly şekilini görkezdi. Eserde şahyryň Watany ‒ Garrygalanyň belent başly daglary, ýeke barýan ýolagçy, endigan gadam urýan kerwen... beýan edilipdir. Bularyň bary Magtymgulynyň kalbynda. Grawýuranyň manysy şeýle.

Beýik şahyra bagyşlanan keramik işleriň arasynda syrçalanan bir gap bar. Onuň gyralaryna Magtymgulynyň goşgulary ýazylypdyr. Bu işi Patmagözel Ýagşymyradowa ýerine ýetiripdir

Sergide aýratyn saýlanýan işleriň biri-de Hurma Jumamyradowanyň «Gülara mugallym» atly portretidir. Hurma Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly haşam kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewanyň keramik heýkeljikleriň üstünde işleýän pursatyny şekillendiripdir. Portret şowly çykypdyr, çünki awtor birinjiden, asyl nusga bilen aňrybaş meňzeşligi gazanypdyr, ikinjiden, suratkeş ylhamy duýupdyr.

Hurma Jumamyradowanyň «Etýud» atly işi bolsa diýseň özüne çekiji. Etýud ‒ kiçijek saz eseri, bu eseri ýerine ýetirýän skripkaça-da şu at doly laýyk gelýär. Ýöne bu eseriň janly nusgasy bolan kiçijek gyzjagaza ullakan geljegiň garaşýandygyny her bir zat habar berýär.

Hurma Jumamyradowanyň ýene bir gyzykly işi «Hakykat we hyýal» atly suratydyr. Ol bu suratda ýaş suratkeş gyzy şekillendiripdir.

Sergide Täjigül Gurbanowa özboluşly tahýalaryň ekspozisiýasyny görkezdi. Milli öwüşgini saklamak bilen, bu başgap islendik ýaşda ulanmaga amatly dürli görnüşe eýe bolupdyr.

Bu sergide Baýramgeldi Möwlamowyň guaş bilen çekilen «Deňiz» atly suraty goýlupdyr. Suratkeş öz işini synlaýan tomaşaçylaryň alýan täsirine düşünmek üçin, olara uly tolgunma bilen seredýär, sergä gatnaşmagyny bolsa öz suratkeşlik başarnygyny ösdürmek üçin gowy mümkinçilik hasap edýär.

Güller mowzugyny Jennet Bagşyýewa we Merjen Durdyýewa beýlekilerden has gowy beýan edipdirler. Olaryň «Seniň üçin», «Güller» atly suratlary öwüşginliligi we özboluşly usuly bilen özüne çekýär.