Ï Döwlet Baştutanymyz Owganystana ynsanperwer kömegini bermek tabşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Owganystana ynsanperwer kömegini bermegi tabşyrdy

view-icon 6601

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitremäniň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2022-nji ýylyň iýun aýynda doganlyk owgan halkyna kömek bermek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary, azyk önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini owgan tarapyna ynsanperwer kömegi hökmünde muzdsuz bermek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň iýun aýynda Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.