Ï Türkmen küştçüsi «Çeşme Open» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüsi «Çeşme Open» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy

view-icon 5222
Türkmen küştçüsi  «Çeşme Open» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Türkmenistanly 23 ýaşly halkara küşt ussady Saparmyrat Atabaýew Izmirde (Türkiýe) tamamlanan «Çeşme Open» halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşa 9 ýurtdan 48 küştçi gatnaşdy. Olaryň bäşisi halkara derejesindäki grossmeýsterler, 3 -si halkara ussatlary, 15-si bolsa FIDE ussatlarydylar.

Ýaryşa Türkmenistandan halkara grossmeýsterler Meýlis Annaberdiýew, Hanjar Ödäýew we halkara ussat Saparmyrat Atabaýew gatnaşdy.

Ýaryş däp bolup gelýän wagt reglamenti bilen 9 tapgyrda geçirildi.

Saparmyrat Atabaýew mümkin bolan 9 utukdan 8-isini gazanyp, birinji oruny eýeledi. Meýlis Annaberdiýew 6,5 utuk gazandy, baýraga ymtylýan üçlügiň soňunda duran Hanjar Ödäýew bolsa 6 utuk bilen 5-nji ýeri eýeledi.

Saparmyrat Atabaýew ilkinji gezek 13 ýaşynda, 2012-nji ýylda 16 ýaşa çenli ýaşlar arasyndaky Stambulda geçirlen küşt Olimpiýadasynda üçünji tagtada birinji orny eýeläpdi. Ol ‒ Türkmenistanyň häzirki çempiony. Bu ady 2019-njy ýylda ýokary liganyň ýaryşynda ýeňiji bolup gazandy. Ondan öň Saparmyrat ýaşlaryň ýurdumyzdaky geçirilen bäsleşiginde birnäçe gezek ýeňiş gazanypdy.

Ol 2016-njy we 2018-nji ýyllarda degişlilikde Bakuwda we Batumide geçen soňky iki gezek Bütindünýä Küşt olimpiadalaryna-da gatnaşdy. Geçen ýyl S. Atabaýew küşt tälimçisi hünäri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny küşt tälimçisi hünäri boýunça tamamlady.

Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew üçin Izmirde geçen ýaryş 28-nji iýul bilen 11-nji awgust aralygynda Hindistanyň Çennaý şäherinde geçiriljek 44-nji Bütindünýä Küşt Olimpiadasyna oňat taýýarlyk boldy. Bu, Halkara küşt federasiýasynyň agzasy bolan ýygyndy toparlar üçin toparlaýyn ýaryşdyr.

Bütindünýä Küşt Olimpiadasy ilkinji gezek 1927-nji ýylda Londonda geçirilipdi. 1950-nji ýyldan bäri ýaryşlar iki ýyllyk aýlaw şekilinde geçirilýär. Şunuň ýaly iň soňky ýaryş, 2018-nji ýylda Gruziýada geçirlipdi.