Ï Türkmeniň erkin göreş pälwany Aziýa (U23) ýaşlar çempionlygynda kümüş medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmeniň erkin göreş pälwany Aziýa (U23) ýaşlar çempionlygynda kümüş medal gazandy

view-icon 7394
Türkmeniň erkin göreş pälwany Aziýa (U23) ýaşlar çempionlygynda kümüş medal gazandy

Erkin usulda göreş tutýan türkmen pälwany Zyýamuhammet Saparow Bişkekde tamamlanan 23 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň arasyndaky çempionatda kümüş medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 22 ýaşly 4-nji ýyl talyby 5 türgeniň bäsleşýän 125 kg çenli agram toparynda çykyş edip, bu medala mynasyp boldy.

Toparda 6-dan az pälwan bolandygy sebäpli, bu agramda ýeňiji nordik (aýlawly) ulgam boýunça kesgitlendi. Bu ulgamda her bir türgen garşydaşy bilen dört gezek tutluşmalydy.

Umid Joraýewi (Özbegistan) ‒ 11:0, Mohit Mohiti (Hindistan) ‒ 7:6, Arslanbek Turdybekowy (Gyrgyzystan) – 7:2 ýeňip, diňe Alyşer Ýergalydan (Gazagystan) ‒ 4:15 hasabynda ýeňilen Zyýamuhammet Saparow hormat sekisiniň ikini basgançagyny eýeledi. Ýokary agramly toparda gazagystanly Alyşer Ýergaly Aziýanyň Çempiony boldy. Ýeňijileriň üçlügini hindi türgeni Mohit Mohit jemleýärdi.

Zyýamuhammet Saparow Türkmenistanyň üç gezek çempiony. 2016-njy ýylda ol Ýakudystanda ýetginjekleriň arasynda geçirilen “Aziýanyň çagalary” atly oýunlarda birinji ýeri alypdy. Zyýamuhammediň häzirki ýeňişine onuň halypasy ‒ erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýusup Melejäýewiň hyzmaty uludyr.

Erkin göreş boýunça ýaşlaryň Aziýa çempionatynyň (U23) bäsleşigine Türkmenistanyň topary 6 türgen bilen gatnaşdy. Olaryň üçüsiniň: Mekan Muhammedowyň (61 kg çenli), Arslan Amanmyradowyň (70 kg çenli) we Atamyrat Çarlyýewiň (74 kg çenli) 3-nji ýer üçin bäsleşikde çykyş edendiklerini bellemek gerek. Olar degişlilikde 3 – nji, baýrakly oruny Alibeg Alibegowa (Bahreýn), ‒ 0:10, Mustafo Ahmedowa (Täjigistan) ‒ 1:6 we Şynggys Muhammetkalyýewe (Gazagystan) ‒ 2:3 hasaplarynda bermeli boldular.