Ï Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda «Deňizçi» topary öňe çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda «Deňizçi» topary öňe çykdy

view-icon 5943
Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda «Deňizçi» topary öňe çykdy

Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» topary dördünji tapgyryň netijeleri boýunça öňe çykdy.

«Deňizçi» topary «Senagatbank» toparyndan 7:1 hasabynda üstün çykdy. Çempionlyk ugrundaky göreşde onuň esasy garşydaşlary bolan «Köpetdag» we «Gümrükçi» öz aralarynda 4:4 hasabynda deň oýnadylar.

Beýleki duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary Superligada ikinji gezek çykyş edýän «Daşoguzy» 6:3 hasabynda ýeňdi, «Milli goşun» bolsa «Ahaldan» 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Dört tapgyrdan soň «Deňizçiniň» 10 utugy bar. «Köpetdag» iki utuk yza galýar. Mundan soň her birii 7 utuk gazanan toparlar ýaryşda şeýle ýerleşdiler: «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Milli goşun».

Bäşinji tapgyrda «Deňizçi» «Milli goşun» topary bilen duşuşar, «Senagatbank» bilen «Köpetdag» bolsa öz aralarynda oýnarlar.