Ï Gahrymanlara bagyşlanan döredijilik otagy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahrymanlara bagyşlanan döredijilik otagy açyldy

view-icon 5742
Gahrymanlara bagyşlanan döredijilik otagy  açyldy

Ýaňy – ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bolup, bu ýerde talyp ýaşlar we professor-mugallymlar bilen geçiren duşuşygynda beren tabşyrygy esasynda, bu ýokary okuw mekdebinde onuň uçurymlary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň döredijilik otagy döredilip, onuň açylyş dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen dabara bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa gatnaşdy.

Döredijilik otagynda bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň durmuş we döredijilik ýollaryny beýan edýän fotosuratlaryň, dürli muzeý gymmatlyklarynyň, şonuň bilen birlikde şahyryň Berkarar döwletimize bolan çuňňur söýgüsinden döreýän ajaýyp eserleriniň ýerleşdirilmegi dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsirler döretdi. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan taryhy ösüşleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän eserleri watansöýüjiligiň ýokary nusgasydyr, ösüp gelýän ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir. Halypa şahyryň şu ýokary mekdebinde okamagy, onuň döredijik dünýäsinde kämil şahsyýete, ussat halypa, zamanamyzyň sygryýet äleminiň parlak ýyldyzyna öwrülmegine badalga berdi. Munuň şeýledigini halypa şahyrymyzyň özi hem çuňňur hoşallyk we buýsanç duýgulary bilen belläp geçýär.

Döredijilik otagynda Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň durmuş we döredijilik ýoluny beýan edýän fotosuratlar we beýleki muzeý gymmatlyklary hem aýratyn täsir döredýär. Şu ýokary okuw mekdebini tamamlan, ilki ýurdumyzda dürli jojapkärli wezipelerde, ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra bolsa, dünýäniň iň iri döwletlerinde Berkarar döwletimize wekilçilik edip, diplomatik işlerde zähmet çeken, häzirki wagtda hem ÝUNESKO – nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary wezipesinde zähmet çekýän Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň ömür we zähmet ýoly ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir. Türkmen dünýäsiniň ajaýyplyklaryny, halkymyzyň millet hökmünde aýratynlyklaryny kesgitleýän, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli we medeni ,mirasymyzy dünýä derejesinde wagyz etmekde, tanatmakda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz ägirt uly işleri amala aşyrýarlar. Hut şu ýörelgeleri durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşyp, halkymyzyň milli ruhunyň özenini düzýän gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda şu ýokary okuw mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanytň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň uly paýynyň bardygyny belläp geçmek ýakymlydyr..

Döredijilik otagynyň açylyş dabarasyndan soňra, ÝUNESKO – nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary wezipesinde zähmet çekýän Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň institutyň talyp ýaşlary we professor-mugallymlary bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Gahryman zenan durmuş we zähmet ýoly, watansöýüjilik, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň baky Berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, nurana geljegi üçin alyp barýan tutumly işleri barada dabara gatnaşyjylar bilen söhbetdeş boldy. Talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyran duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymay Çynar Rüstemowa oňa gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.