Ï «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 5572
«Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Indi 55 ýyl, 1967-nji ýyldan bäri Türkmenistanda «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» halkara ylmy-amaly žurnal neşir edilip gelinýär. Ol çölleşmä garşy göreş we gurak ýerleri özleşdirmegiň amaly tejribesi babatda ylmy barlaglaryň wajyp netijelerini beýan edýän dünýäde az sanly neşirleriň biridir. Dürli ýyllarda žurnalyň sahypalarynda özboluşly ylmy we dünýä ýurtlarynyň köpüsinden çölleri öwreniji tanymal alymlaryň ylmy-amaly makalalary çap edilipdi. ÝUNEP, GTS, BMG ÖM we FAO ýaly halkara guramalary neşire maliýe goldawyny beripdiler.

«Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnalynyň 2022-nji ýyldaky täze sanynda türkmen alymlarynyň ylmy makalalary, şol sanda M.H. Durikowyň, M.D. Nepesowyň «Türkmenistanda ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş», A.Öwezberdiýewanyň «Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň meýilnamalaryna oba we suw hojalygynyň meselelerini ornaşdyrylmagy», H. Ýowjanowyň, A. Garryýewanyň, O. Begmyradowanyň «Ýerasty minerallaşan suwlary toplumlaýyn ulanmagyň geljegi», A. M. Penjiýewiň, S.G. Nazarowyň «Garagumdaky gün elektrik stansiýasynyň işleýşine ýelden düşýän güýjüň täsiri», A.A. Akmyradowyň, D. G. Gadamowyň, B.R. Berdiýewiň «Merkezi Köpetdagyň käbir ýowşanlarynyň dermanlyk çig mal baýlyklary» we beýelki makalalar bar.

Žurnalda çap edilen gysgaça habarlar Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki ylmy we ylmy-amaly barlaglara bagyşlanypdyr. Olar S.A. Rejebowyň «Türkmen derýasynyň zolagyndaky çägeleriň suw-fiziki we himiki häsiýetleri», A.G. Buşmakiniň «Çelekeniň ýyly suwlarynyň metallylyk mümkinçiligi», L.A. Agaýewanyň, I.A. Baýramowanyň «Tehnogenez sebäpli Daşoguz welaýatynyň çäklerinde sebitleýin üytgeşmeler» we beýlekilerdir. Žurnalda şor topraklarda fitomelioratiw ekin dolanyşygy, tut agajyna zyýanly mör-möejk-gurçugy öwrenmegiň geljegi, gurak zolak şertlerinde ulgamlaýyn insektisidleri ulanmak ýaly diňe bir ylmy däl, eýsem amaly ähmiýetli temalardan ýazylan habarlar bar.

Žurnalyň «Önümçilige kömek» rubrikasynda D.G. Orazgulyýewiň «Gurak zolagyň şertlerinde ýerasty polat turbageçirijileriň poslamasy» makalasy bilen tanşyp bolar.

«Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnalynyň 2022-nji ýyldaky 1-nji sany Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory Pirli Aždarowiç Kepbanowy 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlaglar bilen jemlenýär. Onuň kärdeşleri alymyň köpgraňly iş barada gürrüň berip, onuň ylmy žurnallarda ençeme makalalarynyň, gollanmalarynyň we okuw kitaplarynyň neşir edilendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki, mekdeplerdäki, tebigaty goramak boýunça dürli guramalardaky çykyşlarynyň hemişe gyzyklanma döredýändigini hem-de giňişleýin jemgyýetçilik seslenmesini tapýandygyny belleýärler.