Ï Innowasion ösüşiň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasion ösüşiň girewi

view-icon 7151
Innowasion ösüşiň girewi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ylmy işleriniň we seljermeleriniň netijeleri senagatyň dürli pudaklarynyň ösüşini, ýerli çig mal ulanyp, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin şertleri döretmegi üpjün edýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda netijeli işler geçirildi. Institutda ylmy işleri, ýurdumyzyň gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak hem-de önümçilige ornaşdyrmak, himiýa, nebit-gaz senagaty kärhanalaryna we beýleki pudaklara ylmy-amaly kömek bermek boýunça ylmy-seljerme işler amala aşyryldy.

Portland sement öndürmek üçin, hususan-da, Balkan sement zawodynda, Köýtendag we Gyzylgaýa känleriniň demir magdanyny ulanmagyň mümkinçiligi öwrenildi. Himiýaçylaryň geçiren ylmy barlaglary bu gurluşyk serişdesini öndürmek üçin diňe bir önümiň özi däl, eýsem käniň demir magdanyny baýlaşdyrmakda alynýan çig mal galyndysyny hem ulanyp boljakdygyny subut etdi. Gyzylgaýa demir magdanynyň çig maly baýlaşdyrylanda alynýan galyndylary portland sement önümçiliginde ulanmak boýunça tejribe-senagat barlaglary (TSB) üstünlikli geçiurildi. Balkan sement zawodynda bu çig mal esasynda portland sementi öndürilýär.

«Maryşeker» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärhanasynda institutyň alymlary «Şeker we çakyr kärhanalarynyň galyndylarynyň esasynda zyýansyzlandyryjy erginleri almak» boýunça senagat synaglaryny geçirdiler we «Maryşeker» AGPJ esasy önümi bilen bir hatarda goşmaça önüm hökmünde emele gelýän esasy fraksiýadan (efirli-aldegid fraksiýasyndan) antibakteriýa serişdesini aldylar.

Institutyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça işleri guramak babatda hem işler alnyp barylýar. Senagat kärhanalarynda aýlanýan sowadyjy suwlary arassalamak üçin ýerli çig mal esasynda «tetra- kalsiý nitratynyň gidraty» himiki reagenti ulanyldy. Himiýa institutynyň hünärmenleri Gyýanly polimer zawodynyň 820-U-01 sowadyjy rotor enjamynda alnan reagentiň tejribe-senagat synaglaryny geçirdiler. Synaglaryň netijeleri boýunça «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň gatnaşmagynda ony ýerli çig maldan öndürmek karar edildi. Çünki natriý gidraty häzirki wagtda diňe bir önümçilikde däl, eýsem ýyladyşhana hojalyklarynda dökün hökmünde hem ulanylýar.

Institutda ýurdumyzyň senagat we durmuş kärhanalarynda «Maryazot» Önümçilik birleşiginde çykarylýan konsentrirlenmedik azot kislotasyny, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän demir galyndylaryny we duz kislotasyny –demir hloridini (III) turşutmak ýoly bilen suw arassalamakda ulanylýan kaogulýant almagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy.

Himiýa institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Gyýanly polimer zawodynda laboratoriýa şertlerinde alnan deňiz suwuny süýjetmek boýunça demir hloridi bilen synaglar geçirildi. Alymlaryň pikirne görä, ýerli çig maldan suw sýüjedijileriň işe girizilmegi bilen Hazaryň türkmen kenarynda deňiz suwuny ulanýan kärhanalaryň işi ýeňilleşer.

Akjagül Saparowa,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alym kätibi.