mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

“Ýylyň mugallymy-2022”: mugallymlaryň hünär we zehin başarnygy

view-icon 1863

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen “Ýylyň mugallymy-2022” atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, baýrakly orunlary iň oňat ýedi mugallym eýeledi. Olaryň arasynda baş baýraga 1, birinji orna 1, ikinji orna 2 we üçünji orna 3 mugallym mynasyp boldular.

Şeýlelikde, “Ýylyň mugallymy-2022” diýen ada we ýaryşyň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary şäheri) tehniki ulgamlary awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän uly mugallym Baýram Jumaýew mynasyp boldy.

Birinji orun Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Bank işi” kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän uly mugallym Aýlar Hojanepesowa berildi.

Bäsleşikde ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýokary matematika kafedrasynyň uly mugallymy Altyn Hydyrowa bilen Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň organiki däl jisimleriň himiýa tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Gylyjowa eýelediler.

Üçünji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dolandyryş hukuklary kafedrasynyň müdiri Agajan Ýagmyrow, Türkmen Oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy Babageldi Gurbanow we S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat şäheri) Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Rahymowa mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Bäsleşik umuman, dört tapgyrdan ybarat boldy. Ilkinji iki tapgyr ýurdumyzyň her ýokary okuw mekdebiniň özünde – ilki kafedralaryň, soň fakultetleriň mugallymlarynyň arasynda geçirildi. Ondan soň bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirildi. Bäsleşikleriň netijesine görä-de, her ýokary okuw mekdebinden bir mugallym bolmak bilen, 25 mugallym bäsleşdi. Jemleýji bäsleşigiň netijelerine görä bolsa, iň gowy ýedi bäsdeş kesgitlendi. Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdebinde geçirilen dabarada bäsleşige gatnaşan beýleki 18 mugallyma hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Adatça, her ýyl geçirilýän bäsleşikde mugallymlaryň hünäri laýyklykda alyp barýan işlerine ähli ölçegler boýunça baha berilýär. Bu abraýly gözden geçirilişiň jemleýji çäresi 26-27-nji maýda Türkmen döwlet maliýe institutynyň binasynda geçirildi. Eminler topary ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Milli bilim institutynyň we döwürleýin neşirleriniň wekillerinden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşanlaryň pedagogik we ylmy işlerine eminler bäş esasy ugur, şol sanda, sapak bermekde hünär ussatlygy: okatmagyň usulyýeti, okuw materiallaryny hödürlemegiň we okuwçylary höweslendirmegiň usullary boýunça garady. Mundan başga-da, mugallymlaryň usulyýet işi we netijeleri – özleriniň ýazan okuw kitaplary, gollanmalary, soňky üç ýylda neşir edilen monografiýalary, şeýle hem döwürleýin neşirlerde çap edilen işleri seljerildi.

Eminler topary mugallymlaryň ylmy işleriniň netijelerine, hususan-da, konferensiýalarda, gazetlerde, žurnallarda eden ylmy çykyşlaryna, ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlygyna, talyplaryň tezislerine ylmy gözegçilik edişine we ş.m. baha berdi.

Bäsdeşlere baha berlende, mugallymlaryň soňky üç ýylda alan akademiki derejeleri we atlary göz öňünde tutuldy.

Esasy üns mugallymlaryň terbiýeçilik işine – halypalyga, terbiýeçilik häsiýetli medeni we jemgyýetçilik çärelerini guramaklyga gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde eminler mugallymlaryň zehinli we ýiti üşükli ýaşlary goldamak, höweslendirmek we ösdürmek boýunça işlerini, şol sanda talyplary olimpiadalara, ýaş mugallymlaryny intellektual ýaryşlara, ylmy duşuşyklara we ş.m. taýýarlamak boýunça eden işlerini seljerdi.

Mugallymlar üçin gurnalan synag-da milli bilimiň umumy temasy – kanunçylyk binýady, maksatnamalar, düşünjeler, ulgamyň esasy ýörelgeleri we ş.m. boýunça onlarça sowaly öz içine aldy.