mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi Watanymyzyň güllemeginiň girewidir

view-icon 3343
Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi Watanymyzyň güllemeginiň girewidir

Türkmen döwlet maliýe institutynda şeýle şygar bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşeiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmäge bagyşlanan çykyşy duşuşygyň temasy boldy.

Çärä institutyň ýolbaşçylary, mugallym-professor düzümi, talyplar, şeýle hem myhmanlar – Türkmenistanyň Milli Geňeşeiniň Halk Maslahatynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşanlaryň çykyşlarynda ýaşlary goldamak boýunça uly möçberli işler, Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge we bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda duşuşyga gatnaşanlar şu ýylyň 14-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň gatnaşmagynda geçiren maslahaty barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Ýurdumyzda ýaşlara islegli hünärleri özleşdirmekde, iň täze tehnologiýalary, daşary ýurt dillerini öwrenmäge döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Ýaşlar öz gezeginde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Şu jähetden kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur ähli şertleriň döredilmegi döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Şunuň bilen birlikde ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzyň Prezidentine ýaş nesil barada edýän atalyk aladasy, döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawy, şeýle hem Watanymyzyň bagtyýar gelejegi we mundan beýläkki abadançylygy elinde bolan ýaşlaryň üstünlikli hem-de sazlaşykly ösüşi üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyk we minnetdarlyk bildirdiler.