mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Hususy kärhana ýerli gurluşyk gipsini eksport edip ugrady

view-icon 1659
Hususy kärhana ýerli gurluşyk gipsini eksport edip ugrady

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky «Sabur Timur Taşewler» (STT) hususy kärhanasy ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň görnüşlerini we möçberini artdyrdy.

Bu kärhana ýigrimi ýyldan gowrak önümçilik bilen meşgullanýar. Ýerli gips, önümçilik üçin esasy çig maldyr. Kärhanada demir-beton plitalar, ýelim, gurluşyk gipsi, plita gipsi, tenhiki duz, hek, gury gurluşyk garyndylary, gipsokarton ýaly dürli önümler öndürilýär.

Plitka üçin gips 20 kilogramlyk, reňkden öň ulanylýan suwag - 30 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Önümçilik tutuşlygyna awtomatlaşdyrylan we ony operator dolandyrýar. Kärhanada hünärmenleriň 120-ä golaýy zähmet çekýär.

Diýarymyzda gory baý bolan tebigy çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap kärhanalaryň döredilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we olaryň görnüşlerini artdyrmak meselesinde hem-de Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly-Garlyk sebitiniň känlerinde geçirilen geologik gözleg işlerinde minerallaryň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň 30-dan gowrak görnüşiniň bardygy anyklandy. Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky bu sebitden sement önümçiligi üçin zerur çig malyň ählisi –hek, toýun, gips, kwars çägesi ýaly önümler alynýar.

Köýtendagda daş we kaliý duzlarynyň, gipsiň, angidridleriň, şeýle hem elektron senagatynda ulanylýan selestiniň iri känleri, germaniý, seriý, tantal, rubidiý we seýrek duşýan beýleki ýerasty metallar bar.