Ï Türkmenistanyň gözel ýerleri Pol Nadaryň fotosuratlarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň gözel ýerleri Pol Nadaryň fotosuratlarynda

view-icon 6400

Pol Nadaryň fotoatelýesiniň arhiwi – Fransiýanyň Binagärlik we medeni mirasy mediatekasynyň esasy gorlarynyň biridir. Fotosuratçy Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy bilen gyzyklanypdyr.

Nadar 1890-njy ýylda Parižiň belli Gündogar – ekspres otlusynda Daşkende ugraýar. Stambulyň, Tiflisiň we Bakuwyň üsti bilen Türkmenistana gelip, Merwiň gözel ýerlerini surata köp düşürýär. Netijede, gadymy Gnüdogaryň, ozal Ýewropa halkyna syrly bolan şekilini ilkinji bolup Günbatara görkezen adamyň bilesigelijiliginden we ussatlygyndan emele gelen müňden gowrak suratly kolleksiýa döreýär.

Parižde saklanylýan kolleksiýa ony döredeniň geçen ýoly bilen syýahata çykdy. 15-nji fewrala çenli Bakuwyň Milli muzeýine gelýänler Nadaryň naýbaşy suratlary bieln tanyşdylar. Golaýda Pol Nadaryň öz düşen suratlary bilen arhiwiň üsti dolduryldy. Suratlar Täze Merwiň çäginde, örän tiz wagtda gurlan Abdylla han galasynyň golaýynda XIV-XV asyrlarda düşürilipdir.

Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini dünýäde iň meşhur Luwrda geçirmek barada ylalaşyk Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna Fransiýada gyzyklama bildirilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.