Ï Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlary dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlary dowam edýär

view-icon 3872
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlary dowam edýär

Mary şäherinde dowam edýän futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 9-njy tapgyrynda «Deňizçi» topary bilen «Köpetdag» topary duşuşdylar. Oýun hiç bir topara ýeňiş getirmedi. Häzirki çempion we wise-çempion 0:0 hasabynda deň oýnap, olaryň her biri 2 utuk ýitirseler-de, ýaryş tertibinde öňdeligi saklap galdylar. Netijede «Deňizçi» topary 23, «Köpetdag» topary bolsa 21 utuga eýe boldular.

«Gümrükçi» topary «Ahal» toparyny 7:1 hasabynda utdy. Indi Döwlet gümrük gullugynyň toparynyň 20 utugy bar. Ol ýaryş tertibinde öňdelige golaýlaşdy.

Beýleki oýunlarda futzal boýunça Naýbaşy ligasyna ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» topary «Milli goşun» toparyny 6:4, «Senagatbank» topary bolsa TNGIZT-niň toparyny 3:1 hasabynda utmagy başardylar.

10-njy tapgyrda «Deňizçi» topary bilen «Gümrükçi» toparynyň oýny uly gyzyklanma döredýär. Beýleki oýunlarda «Daşoguz» – «Köpetdag», «Ahal» – «Senagatbank» we TNGIZT – «Milli goşun» toparlary bilen duşuşarlar.