Ï Ýurdumyzyň ýokary mekdeplerine kabul edişlik dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýokary mekdeplerine kabul edişlik dowam edýär

view-icon 31784
Ýurdumyzyň ýokary mekdeplerine kabul edişlik dowam edýär

Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlandy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýänleriň resminamalaryny kabul etmek 11-nji iýulda başlandy we ol 24-nji iýula çenli paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde dowam eder.

Ýurdumyzda bu möhüm çäre ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, ähli zerur şertler döredildi. Ýerlerde dalaşgärler bilen ýörite döredilen toparlar işleýär, dalaşgärler üçin maglumatlaryň açyklygy we elýeterliligi üpjün edilipdir. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde giriş synaglary şu aýyň ahyrynda, 27-nji iýulda başlanar.

Ýurdumyz üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak döwletimizde ileri tutulýan möhüm wezipedir, onuň esasynda işgärleri taýýarlamak ulgamy kämilleşdirilýär, ýaşlaryň bilim almagy we sazlaşykly ösmegi üçin, ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerinde her ýyl hünär sanawynyň üsti ýetirilip durulýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär sany 32 bolan bolsa, bu ýyl ol san 48-e ýetirildi. Özi-de, täze ugurlar ýokary bilimiň bakalawr we magistratura ýaly derejelerine degişlidir.

Türkmenabatdaky S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika instituty tarapyndan dalaşgärlere iň köp – 15 täze okuw ugry hödürlenýär. Olaryň üçden biri daşary ýurt dilleridir, çünki olary öwrenmäge milli bilim ulgamynda aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýokary mekdebinde pars, hytaý, nemes, iňlis, rus dilleri we edebiýaty boýunça hünärmenler taýýarlanar. Geljek okuw ýylynda bu institut türkmen dili we edebiýaty, taryh, geografiýa, biologiýa, himiýa, fizika we informatika, matematika we informatika, bedenterbiýe, şeýle hem mugallymçylyk bilimleri (başlangyç bilimiň pedagogikasy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe) ýaly täze ugurlar boýunça-da okuwlary alyp barar.

Ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze, wajyp we zerur okuw ugurlarynyň girizilmegi Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň işjeň ösdürilmegi, ykdysady pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy we ýokary derejeli ýöriteleşdirilen hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, içerki senagatyň çalt ösmegi üçin şert döretmek bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmek hem göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda 9 täze okuw ugry açylýar. Olaryň arasynda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; kompýuter ulgamlary üçin programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýalary; senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçiriji enjamlar; şeýle hem ykdysadyýet we dolandyryş; ykdysadyýet we kärhana dolandyrylyşy; logistika; ekspertiza we gozgalmaýan emlägi dolandyrma ugurlary bar.

Ýene iki ýokary mekdebiň her birinde täze hünärlerden bäşisi açylýar. Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda – programmalaýyn inženerçilik; tehnologik enjamlar we abzallar; maglumat howpsuzlygy; buhgalteriýa hasaby we audit; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary açylýar.

Nebit we gaz pudagy we diplomatik ugur boýunça geljekki hünärmenler üçin 4 täze okuw ugry göz öňünde tutulýar. Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ykdysadyýet we dolandyryş; maglumat howpsuzlygy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; kompýuter ulgamlary üçin programma üpjünçiligi ugurlary boýunça işgär taýýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy hünäri boýunça okuwlar başlaýar, uniwersitetiň magistraturasynda bolsa Gündogary öwreniş; derňew we strategik meýilnamalaşdyryş; syýasy aragatnaşyk we internet žurnalistikasy boýunça okuw ugurlary bolar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistraturasynda iki täze okuw ugry açyldy. Bular «Salgyt dolandyryşy» we «Dünýä ykdysadyýetidir».

Ýene iki täze ugur – «Gidrotehniki desgalar» we «Sanly dolandyryş» boýunça okuw Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda başlaýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde täze bir hünär – pedagogik bilim (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) ugurlary goşuldy. Ýene bir ugur – «Maliýe bazarlary we banklar» Türkmen döwlet maliýe institutynda açyldy.

Ýurdumyzyň on uniwersitetinde täze ̶ 2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuw ugurlarynyň sanawy täzelendi. Her dalaşgär ýokary okuw mekdeplerinde bar bolan elli töweregi täze we öňki ugurlaryň arasyndan hünär taýýarlygynyň islenýän ugruny aňsatlyk bilen tapyp we saýlap biler.

Okuwyň ähli ugurlary, şeýle hem okuwa girmek üçin zerur resminamalar, olary tabşyrmagyň wagty we ýeri, giriş synaglary barada giňişleýin maglumat Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirilýär.