Ï Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

view-icon 4304

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.

Şeýle hem ýokary derejeli duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.

Nobatdaky Konsultatiw duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebitiň ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşylar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça ileri tutulýan birnäçe ugurlara degişli sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.