mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň halypa suratçysy Babasary Annamyradowyňkyda myhmançylykda

view-icon 2137

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Ýurdumyzda sungat eserlerini ýygnaýanlar seýrek duşýar, ýek-tük diýse-de boljak. Şol sebäpdenem surat habarçymyz Alekseý Gimalitdinow bilen Türkmenistanyň halk nakgaşy Babasary Annamyradowyň ussahanasyna bardyk. Ussahananyň öňündäki kiçeňräk howluda dürli eýýamlarda ýaşap geçenleriň – ady rowaýata öwrülen taryhy şahsyýetleriň, şeýle hem döwrümiziň tanymal medeniýet işgärleriniň heýkelleri bar. Olaryň arasynda heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň öz heýkeli hem bar. Babasary Annamyradowyň «Oba mugallymy» atly meşhur heýkeli-de bu ýerde goýlupdyr. Ol obada ýaşaýan adamlaryň ençeme neslini okadan ýaşuly mugallymyň umumy keşbi. Öz ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, hemişekileri ýaly syrdam hem ykjam Babasary Annamyradow bu işiniň birnäçe nusgasyny ýasapdyr.

Ýygnalan suratlar toplumy, golaýda elektron gazýetimizdäki ýörite makalada belleýşimiz ýaly Nikolaý Çerwýakowyň iki suraty bilen başlanýar. Adaty gülli küýzeli, penjiresi perdeli ... gelşiklije iki natýurmort. Daşyndan seredeniňde üýtgeşik zat ýok ýaly hem bolsa, ýöne suratçy olara şeýle bir mähir çaýypdyr welin, suratlarda ojak yssysy duýulýar.

  • Kämil suratçy – diýip, Türkmenistanyň meşhur halypa suratçysy Babasary Annamyradow aýdýar – Onuň «Güzer» atly suratyny synlanyňda, diňe ýüregi arassa adamyň gözelligi görüp we ony adamlara ýarar ýaly çekip bilýändigine göz ýetirip bolýar.

Birinji gatda, esasan Babasary Annamyradowyň öz işleri goýlupdyr. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň gips heýkeli şahyryň nepis keşbi bilen haýran edýär. Şahyr sahypalary zenan keşpleri bilen bezelen kitaby synlap oturan ýaly. Onuň garşysyndaky tekjede nusgawy şahyr Garajaoglanyň görmegeý heýkeli bar.

Iň görnükli ýerde bolsa Nikolaý Ýerşowyň çeken suraty goýlupdyr. onda suratlary ürç edip ýygnaýjylar – Watan sährasyndan ylhamly öňe barýan Abat bilen Babasary şekillendirilipdir.

Biz aýlawly basgançak bilen ikinji gata çykdyk. Bu ýerde Gennadiý Babikowyň «Çörek», Annadurdy Myradalyýewiň «Agtygy we atasy», Durdy Baýramowyň «Natýurmort», Ýuliýa Daneşwaryň «Muzafar Daneşwaryň portreti» suratlarynyň, Robert Şabunsyň birnäçe işiniň, Wladimir Pawloskiniň üç suratynyň, Stanislaw Babikowyň «Pagtaçylar», Tokar Tugurowyň «Abat», Annadurdy Almämmedowyň «Gülälekler», Ýewgeniýa Adamowanyň «Güller» işleriniň, maryly nakgaş Çary Hümmedowyň suratynyň goýlandygyny gördük.

– Jemi näçe surat we heýkel bar? – diýip gyzyklandyk.

– Jemi 600 töweregidir. Olary geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan bäri işlenen eserler diýip hasaplap bolar. Indi nakgaşlaryň täze nesilleri täzeçe usulda surat çekýärler. Şonda-da meniň toplan işlerimi döreden ussatlaryň ulanan realizm ýörelgesiniň ähmiýeti welin, ýitenok.

– Nädip munça eser ýygnap bildiňiz?

– Men hiç wagt surat eserlerini ýygnaýjy bolmagy arzuw etmändim. Bir gezek tanyş nakgaşlarymyň biriniň çeken suratyny aldym. Soňra beýleki nakgaşlaryň suratlary hem oňa goşulyp gitdi. Suratlar köpeldigiçe, mende olary toplamaga bolan höwesim artdy. Käbir nakgaşlar bolsa öz suratlary göwnejaý saklanar diýip işlerini sowgat berdiler. Kem-kemden sungat eserlerini toplamaga aýalym, sungat öwreniji Abat Muhadowa hem goşuldy. Biz etraplara aýlanyp, ýerlerdäki ussat zergärler, halyçylar, keçe basýanlar, keşde çekip, gaýma gaýaýanlar bilen tanyşdyk. Şeýdip, halk amaly-haşam sungaty sergimiz döredi.